Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
23.01.2025

MILLI MIRASYMYZYŇ HAKYDA GÖWHERI

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata- babalarymyzdan gelýän döwletlilik ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berlip, olaryň barha rowaçlanmagy ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Munuň şeýledigini türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi doly tassyklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitaby — biziň üçin örän gymmatly serpaý. Bu kitabyň sahypalaryndaky türkmeniň taryhy, guran döwletleri hakyndaky pikir ýöretmeler, täze maglumatlar alymlaryň subut eden pikirleri bilen doldurylan. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň taryhyny beýan edýän birnäçe kitaplary bar. Bu kitap bolsa şol maglumatlaryň özenini has baýlaşdyrýar. Türkmen we iňlis dillerinde çap edilen bu kitap dünýäde iňlis dilinde okaýan okyjylar üçin örän ähmiýetli bolar. Kitap girişden we iki bapdan ybarat bolup, onuň «Taryha syýahat» atly birinji babynda şöhratly taryhymyz, saklanyp galan taryhy medeni ýadygärliklerimiz hakynda beýan edilýär. Kitabyň «Ruhy miras» diýip atlandyrylan babynda bolsa halkymyzyň ruhy-medeni mirasynyň köp öwüşginli gymmatlyklary dogrusynda söz açylýar. Bu çuňňur many-mazmuna ýugrulan eserde halkymyzyň geçmişde guran beýik döwletleriniň dünýäniň medeni ösüşindäki orny, taryhy, medeni ýadygärliklerde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan gymmatlyklar, binagärlikdäki ussatlyk aýratynlyklary barada taryhy maglumatlaryň we halk içinde saklanyp galan rowaýatlardyr tymsallaryň getirilmegi onuň gymmatyny has hem artdyrýar. 

Milli Liderimiziň täze kitabynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň eserleriniň adamzada ýetiren täsiri, taryhymyzyň şöhratly sahypalary, medeniýetimiziň dünýä medeniýetine goşandy hem nygtalýar. Alym Arkadagymyzyň bu ajaýyp eseriniň «Ruhy miras» atly babynyň «Zehin aýdyňlygy — paýhas käni» atly bölüminde: «Özüňden beýgelip il bolunýar, iliňden beýgelip halk bolunýar, halkyňdan beýgelip dünýä bolunýar» diýip belleýär. Elbetde, milletiň ykbalam her döwürde-de onuň öňe çykaran beýik şahslarynyň, gerdeninde durýar. Beýik şahslar taryhyň daýanç sütünleridir. Bir halkyň ykbaly göterilende onuň öňbaşçysy dünýäniň ösüşine täsir edýän şahsyýete öwrülýär. 

Alym Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly beýik paýhasyndan tälim alyp, biz, bilim işgärleri geljekde milli gymmatlyklarymyzyň jümmüşine alyp gitjek baý edebi mirasymyzy ýaşlara giňden wagyz etmelidiris. 

Ynsanyň ruhy halypasy hasaplanýan kitaba belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il- ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Ogulşad DURDYMEDOWA, 

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty