Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny halkymyz uly ruhubelentlik bilen kabul etdi. Gymmaty egsilmejek eserde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän orny, dünýä edebiýatyna goşan uly goşandy giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle hem kitap dana şahyra goýulýan uly hormatyň beýany bolup, onda şahyryň şahsyýeti beýik derejä göterilýär. Döwlet Baştutanymyzyň täze kitaby türkmen edebiýatynyň ruhy sütüni bolan şahyryň edebi ýörelgelerini dowamly wagyz-nesihat etmäge giň mümkinçilik döredýär. Bu edebi taglymat Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldara goýýan hormatynyň, ynsanperwer ýörelgesiniň esasynda hasyl bolýar. Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragy — beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerine tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldardyr. Jemgyýetiň kämilligi üçin zerur bolan edep kadalary, gylyk-häsiýetleri, aýratynlyklary Pyragy ýaly çeper teswirläp bilen başga bir şahyr ýokdur diýip pikir edýärin» diýmek bilen, halkymyzyň ýürek sesini dünýä ýaýan ussada uly baha berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi bilen gyzyklanýanlaryň, içgin öwrenýänleriň sany has-da artýar. Geçen ýylda akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy halkara derejede uly baýram edildi. Bular barada hem täze kitapda giňişleýin söhbet edilýär.
Türkmen halkynyň milli Garaşsyzlygynyň ruhy gönezligini ajaýyp şygyrlarynda beýan eden nusgawy şahyryna bolan söýgüsi çäksizdir. Gymmaty egsilmejek edebi eserleri miras goýan Magtymguly Pyragy bu gün ähli döwürleriň we köňülleriň şahyrydyr. Häzirki döwürde akyldaryň döredijiligi, onuň goşgularynyň mazmuny täze many öwüşginlerine eýe bolýar. Şahyryň ajaýyp goşgulary adamlaryň kalbynda giňden orun alyp, adamkärçiligiň, dost-doganlygyň, ynanyşmagyň, parahatçylygyň waspy bolup, watansöýüjilik duýgularynyň, edep-terbiýäniň belent nusgasy hökmünde
baky ýaşaýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplarynyň höwrüniň köp, galamynyň has-da ýiti bolmagyny, täze kitaplary bilen elmydama halkymyzy begendirip durmagyny arzuw edýäris.
Wezirgeldi AŞYROW,
welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna
garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.