Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Kakamämmet NEPESOW, Görogly etrap hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty:
— Watanymyzda ynsan saglygyny goramaga uly ähmiýet berilýär. Şunda lukman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alynýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri bolsa her birimizi buýsandyrýar. Ýeri gelende aýtsak, biziň welaýatymyzda hem döwrebap lukmançylyk desgalary yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Şunda 2022-nji ýylda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylmagy taryhy wakalardyr. Halkymyzyň saglygyny goramak babatda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize biz — lukmanlar hemişe alkyş aýdýarys.