Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
06.02.2025

SEÇGIÇILIK, TOHUMÇYLYK: MAKSAT ÝOKARY HASYL

 

Döwletimiziň agrar syýasatynyň esasy ugurlary ilatyň sarp edýän azyklyk önümleriniň dürli görnüşlerine islegleri doly kanagatlandyrmak, senagatyň bolsa çig mala bolan zerurlyklarynyň üpjün ediliş derejesini ýokarlandyrmak, ýerli önümler bilen importuň ornuny tutmak, şeýle hem onuň eksportuny artdyrmak ýaly möhüm wezipelerden ybarat bolup durýar. Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin önüm öndürijiler maliýe taýdan höweslendirilýär, önümçilige iri maýa goýumlary gönükdirilýär, şol bir wagtyň özünde azyklyk ekinleriň tohumçylygyny ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Tohumlary öndürmek, olary taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, daşamak, ulanmak we ýerlemek, şeýle hem tohumlaryň hiline gözegçilik etmek işi ummasyz köp zähmeti talap edýär. Hut şu ugurda hereket edýän «Tohumçylyk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynda ösümlikleriň tohumlarynyň öndürilmegi, taýýarlanylmagy, gaýtadan işlenilmegi, saklanylmagy, ýerlenilmegi, daşalmagy we ulanylmagy, şeýle hem ýurdumyzda tohumçylyk babatdaky döwlet gözegçiligini amala aşyrmak ýaly işleriň hukuk esaslary kesgitlenilýär. 

Ýurdumyzda ösümlikleriň tohumçylygy babatynda ýeke-täk döwlet syýasaty amala aşyrylýar. Tohumçylygyň çygry giňdir. Oba hojalyk ekinleriniň naýbaşy, saýlantgy we ýokary arkaly tohumlaryny öndürmek bilen ýöriteleşdirilen tohumçylyk hojalyklary meşgullanýarlar. Kanuna laýyklykda döwlet tarapyndan tohumçylyk gorunyň emele gelmeginiň, saklanylyşynyň we ulanylyşynyň tertibi aýratyn kesgitlenilýär, ekinler we sortlar boýunça tohumçylyk gorunyň möçberi döwlet tarapyndan tassyklanylýar. 

Tohumçylyk işi üçin döwlet goldawy hökmünde maýa goýumlary bölünip berilýär, salgyt ýeňillikleri döredilýär, tohum maýa, naýbaşy we saýlantgy tohumlaryň öndürilişine edilen çykdajylaryň öwezi dolunýar, zerur bolan halatynda ýeňillikli şertlerde karzlar berilýär. Tohum öndürijiler ykdysady taýdan höweslendirilip durulýar. Ýurdumyzda tohumçylyk işiniň göwnejaý ýola goýulmagy üçin amatly şertleriň bolmagy ugrunda yzygiderli aladalanylýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda tohumçylyk-seçgiçilik işini kämilleşdirmek, oba hojalyk pudagyna dünýä tejribesini ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça berýän tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirilýär. Geçen ýylda «Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde duran wezipeler» atly halkara ylmy maslahaty guraldy. Tohumçylyk meseleleri boýunça ýurdumyzyň we Russiýa Federasiýasynyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň ugurdaş ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy-barlag we önümçilik merkezleriniň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisi hem geçirildi. Onda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Oba hojalyk ekinleriniň öndürilýän möçberini artdyrmakda, hatda ýer we suw serişdeleriniň tygşytly peýdalanylmagyny üpjün etmekde hem tohumçylyk işiniň kämilleşdirilmegi bähbitlidir. Ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ornaşdyrmak, önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak üçin türkmen alymlarydyr hünärmenleri tarapyndan giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmen alymlary tarapyndan bugdaýyň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» ýaly täze tohumlarynyň döredilmegi hem muňa mysaldyr. Ýurdumyzda dürli döwletler bilen seçgiçilik we toprak-howa şertleriniň nazara alnyp, tohumlary synag etmek ugry boýunça bilelikdäki işleriň utgaşdyrylmagy, tohumçylyk hem-de döwletleriň arasynda ösümlikleriň tohumlaryny ibermek we getirmek ulgamynda özara peýdaly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy hem özara peýdalydyr. 

Geçen ýyllarda bugdaýyň Russiýa Federasiýasyndan getirilen «Alekseiç», «Bezostaýa — 100», «Wassa» ýaly saýlantgy görnüşleri biziň toprak-howa şertlerimizde synagdan geçirilip, önümçilige üstünlikli ornaşdyryldy. 

Seçgiçilik, tohumçylyk pudagynda ylmy gözlegleriň ýygjamlaşdyrylmagy, alymlaryň tejribesiniň we hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy täze taryhy döwürde oba hojalygy pudagynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalyk özgertmeleriniň dowamynda pudagyň kuwwatly önümçilik binýady emele geldi. Şonuň netijesinde azyklyk we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň artmagy üçin giň mümkinçilikler peýda bolýar. Tohumçylyk işiniň kämilleşdirilmegi bilen geljekde hem azyklyk önümleriň bolçulygyny üpjün etmekde gowy görkezijileriň gazanylmagyna tarap ugur alyndy. 

 

Bahadur ŞADYÝEW,

 «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň 

Çärjew etrabynyň «Azatlyk» daýhan 

birleşiginiň galla agronomy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.