Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Täze taryhy döwürde döwletimiziň ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek, dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak maksady bilen, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän, parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dost-doganlygyň ähmiýetini, onuň gadyr-gymmatyny giňden açyp görkezýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alyp, 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. 2025-nji ýylyň şygarynda Bitarap ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi gazanmak, döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy berkitmek, dünýä ýurtlaryny we halklaryny parahatçylyga, dost-doganlyga çagyryş ýaly asylly maksatlar öz beýanyny tapýar.
Häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramçylygy we 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça işlere badalga berildi.
Türkmenistanyň Bitaraplygy gelip çykyşy boýunça ykrar edilen, görnüşi boýunça hemişelik, manysy boýunça oňyn Bitaraplykdyr. Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda, soňra 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ykrar edildi.
Ata Watanymyz Türkmenistan Bitaraplyk hukuk derejesini Konstitusiýamyzda berkitdi. Onda: «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir», «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar» diýlip bellenilendir. Şeýle hem bu ugurda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny we beýleki möhüm resminamalar kabul edildi. «Türkmenistanyň Döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Bitaraplyk» ordeni, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan» we «Bitarap Türkmenistanyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallary döredildi.
Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçirilen guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary guramaçylykly geçirmek bilen bagly öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmegiň, ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini giňden ýola goýmagyň möhümdigi, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak meselelerine bellenilen tertipde seretmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisi ýerlerde raýatlaryň pikirlerini öwrenmek we tekliplerini almak bilen bagly işlere başladylar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmek babatda durmuşa geçirilýän işler döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny gazanmaga, ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ýardam edýär. Türkmenistanyň Mejlisine kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek baradaky gelip gowuşýan tekliplere degişli seljerme işleri geçirilip, olaryň taslamalary işlenilip taýýarlanylýar we kabul edilýär.
Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz türkmen halky üçin mukaddesdir. Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň gazananlaryny gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Batyr BAÝLYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlygy