Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýokary netijeli sporty, Olimpiýa hereketini ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek ugrunda başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda has-da rowaçlanýar. Sagdyn jemgyýeti berkarar etmek ýurdumyzy uzak möhletleýin esasda ösdürmegiň möhüm şertleriniň biri hökmünde kesgitlenilip, bedenterbiýe we sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady bilen birlikde, hukuk esaslaryny pugtalandyrmak babatda-da toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly özgertmeleriniň netijesinde türkmenistanly türgenler halkara ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanyp, ata Watanymyzyň abraýyny has-da beýgeldýärler. Sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ildeşlerimiziň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülýär.
Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň ýaýbaňlandyrylmagy, dürli ýaşdaky hem-de kärdäki adamlaryň gatnaşmagynda bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi ýurdumyzda sport we bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap sport düzümlerini döretmek arkaly sport bilen meşgullanmagyň raýatlar üçin elýeterli bolmagy üpjün edilýär. Şunuň bilen birlikde, ýaş nesilleri sporta çekmek, olaryň bedenterbiýe bilen köpçülikleýin meşgullanmagyny gazanmak üçin uly tagallalar edilýär. Munuň üçin bilim edaralarynda okuw we okuwdan daşary wagtda beden terbiýesi boýunça işler alnyp barylýar.
«Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bilim ulgamynda beden terbiýesini guramak esasy bilim maksatnamalarynyň çäklerinde bedenterbiýäniň we sportuň hökmany sapaklarynyň, şeýle hem goşmaça umumybilim maksatnamalarynyň çäklerinde bedenterbiýäniň hem-de sportuň goşmaça sapaklarynyň geçirilmegini, terbiýelenýänleriň, okuwçylaryň we talyplaryň bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport taýýarlygy boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek üçin şertleriň döredilmegini, şol sanda zerur enjamlardyr serişdeler bilen üpjün edilmegini, aýratyn başarnyklaryny we saglyk ýagdaýyny göz öňünde tutmak bilen, terbiýelenýänlerde, okuwçylarda hem-de talyplarda bedenterbiýe endikleriniň kemala getirilmegini, olary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şeýle hem okuwçylaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport çäreleriniň guralmagyna we geçirilmegine, mekdep sportunyň hem-de talyp sportunyň ösüşine we ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam edilmegi, okuwçylaryň hem-de talyplaryň halkara sport çärelerine, şol sanda Bütindünýä uniwersiadalaryna we resmi halkara sport ýaryşlaryna gatnaşdyrylmagy bilim ulgamynda beden terbiýesini guramagyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Häzirki döwürde «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary bilen yzygiderli geçirilýän Spartakiadalar we Uniwersiadalar sporta höwesek ýaşlaryň hatarynyň artýandygyny subut edýär. Halkara ýaryşlarda üstünlik gazanýan türgenlerimiziň köpüsiniň hut ýaşlar bolmagy ýaşlar sportuny ösdürmek ugrundaky işleriň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, ähli raýatlaryň, hususan-da ýaş nesilleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döretmek ugrunda ýadawsyz aladalanýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary rowaç bolsun!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.