Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
13.02.2025

MAKSATNAMALAÝYN TAGALLALAR — abadan durmuşyň bähbidine

 

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, «Pä­him paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly uly üs­tün­lik­ler bi­len jem­le­nip, öň­de goý­lan mak­sat­na­ma­la­ýyn wezipe­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­di. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni 7-nji few­ral­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ber­len hasabatlardyr be­ýan edi­len yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler hem do­ly tas­syk­la­ýar. 

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ge­çen ýyl top­lum­laýyn çä­re­le­riň dur­mu­şa geçirilme­gi ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň mak­roykdy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­rin­de dur­nuk­ly ösüş üp­jün edi­lip, je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni 6,3 gö­te­rim art­dy­ryl­dy. Bu gör­ke­zi­ji­niň ýur­dumy­zyň se­na­gat, gur­lu­şyk, ulag-aragatna­şyk pudaklaryn­da, söw­da ul­ga­myn­da, oba ho­jaly­gyn­da, hyzmatlar ulgamynda al­nyp bar­lan saz­la­şyk­ly iş­le­riň ne­ti­je­sin­de mümkin bolandygy­ny nyg­ta­mak ge­rek. Şeý­le ýo­ka­ry ne­tije­le­riň gazanylma­gy­na ýur­du­myz­da ön­dü­rilýän önüm­le­riň möç­ber­le­ri­niň artdyryl­ma­gy, ykdysady pu­dak­lar­da ka­da­ly önüm­çi­li­giň ýo­la go­ýul­ma­gy müm­kin­çi­lik ber­di. 

Ýur­du­myz­da eýe­çi­li­giň gör­nü­şi­ne ga­ramaz­dan, äh­li pu­dak­lar­da zäh­met çek­ýän il­deş­le­ri­mi­ziň zäh­met hak­la­ry­nyň, pen­siýa­la­ryň, döwlet kö­mek pul­la­ry­nyň, ta­lyp we diň­leý­ji hak­la­ry­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy hem-de ha­sap­la­şyk­la­ryň öz wag­tyn­da geçi­ril­me­gi hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni dur­nuk­ly ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, dur­muş ze­rurlyk­la­ry bi­len do­ly de­re­je­de üp­jün et­mä­ge şert dö­red­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galky­ny­şy döw­rün­de halk hoja­lyk top­lu­my­ny, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti innowa­sion esas­da ösdür­mä­ge gö­nük­di­ri­len iş­ler dep­gin­li do­wam etdirilýär. Şo­nuň bi­len bir­lik­de, öňdeba­ryjy teh­no­lo­gi­ýa­la­ra da­ýan­ýan hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­le­riň, üs­ta­şyr ulag ge­çel­ge­le­ri­niň, ýo­ka­ry tiz­lik­li awto­mo­bil ýol­la­ry­nyň, iri sena­gat-önüm­çi­lik kär­ha­na­la­rynyň, dür­li durmuş, luk­man­çy­lyk, sport-sa­gal­dyş mak­satly des­ga­la­ryň, tä­ze şäherçele­riň, oba­la­ryň, şä­her­le­riň, ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ry­nyň gurluşykla­ry-da ama­la aşy­ryl­ýar. Bu bol­sa, ilkin­ji no­bat­da, Türkmenistanyň giň yk­dy­sa­dy müm­kin­çi­lik­le­rin­den ha­bar ber­ýär. Sebitde il­kin­ji «akyl­ly» şä­he­riň — Ar­ka­dag şä­he­riniň bi­rin­ji tap­gy­ry­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi hem-de ikin­ji tap­gy­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň batly depgin­ler­de do­wam et­di­ril­ýän­di­gi-de munuň aý­dyň my­sa­ly bo­lup durýar. 

Ýur­du­myz­da ge­çen ýyl ma­li­ýe­leş­dirme­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň hasaby­na 86 sa­ny önüm­çi­lik we me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly desga­lar, umu­my meý­da­ny 1 mil­lion 145 müň ine­dör­dül met­re deň bo­lan ýa­şa­ýyş jaý­la­ry ulan­ma­ga be­ril­di. Hä­zir­ki za­ma­nyň ýö­ne­keý bol­ma­dyk şertlerinde, hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­likde eme­le ge­len yk­dy­sa­dy dur­gun­ly­gyň bolup geç­ýän döw­rün­de ýur­du­myz­da şu­nuň ýa­ly be­ýik iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi oýla­ny­şyk­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň, Gah­ry­man Arkadagymyzyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň hal­ky­myz barada­ky ed­ýän ýa­daw­syz ala­da­la­ry­nyň gu­wan­dy­ry­jy miwe­le­ri­dir. Bu iş­ler Wa­ta­ny­my­zyň dur­nuk­ly ösü­şi­ni, hal­ky­my­zyň aba­dan, bag­ty­ýar durmuş­da ýa­şa­ma­gy üçin giň şert­le­ri dö­ret­mek bi­len bir­lik­de, ne­sil­le­riň röw­şen gel­je­gi­ni üpjün et­mek ba­bat­da-da pug­ta bin­ýat bo­lup dur­ýar. 

Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýur­du­my­zy ösdür­mek bo­ýun­ça alyp barýan dur­muş-ykdy­sa­dy stra­te­gi­ýa­syn­da ma­ýa go­ýum işjeň­li­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hö­kü­me­tiň golaýda geçirilen gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de kabul edi­len «Türk­me­nis­ta­ny 2025-nji ýyl­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy» hem bu babat­da örän möhüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Maksat­na­ma la­ýyk­lyk­da, şu ýy­lyň do­wa­myn­da umu­my meý­da­ny 500 müň ine­dör­dül met­re go­laý ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­ny, 4 müň 620 orunlyk umu­my­bi­lim eda­ra­la­ry­ny, 2 müň orunlyk mek­de­be çen­li ça­ga­lar edaralary­ny gu­rup ulan­ma­ga ber­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şonuň bi­len birlik­de-de, Ahal we­la­ýa­tynyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň Öňaldy, Ka­ka etraby­nyň Gow­şut ge­ňeş­lik­le­rin­de, Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat etrabyn­da tä­ze, döw­re­bap oba­lar, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Köneür­genç etra­byn­da tä­ze şä­her­çe, Balkan we­la­ýa­tyn­da Ga­ra­bo­gaz­köl aý­la­gynyň üs­tün­den geç­ýän aw­to­mo­bil köp­rü­si, Je­bel şä­her­çe­sin­de Halka­ra ho­wa men­zi­li top­lu­my ulan­ma­ga tab­şy­ry­lar. Açyl­jak desga­la­ryň ha­ta­ryn­da Aşga­bat — Türk­me­nabat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­mo­bil ýo­lu­nyň Ma­ry — Türk­me­na­bat bö­le­gi, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we telekeçi­ler birleşme­si­niň ýo­ka­ry okuw mek­de­bi-de bar. Ila­tyň ýaşa­ýyş-dur­muş şertle­ri­ni go­wu­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, aw­to­mo­bil ýol­la­ry­nyň, ara gat­na­şyk, suw, gaz we elekt­rik üp­jün­çilik ul­gam­la­ry­nyň, suw, la­gym aras­sa­laý­jy des­ga­la­ryň gur­lu­şyk­la­ry üçin hem ep-es­li se­riş­de gönükdiriler. Bu iş­le­riň äh­li­si Türkme­nis­ta­nyň dur­nuk­ly yk­dy­sa­dy ösüşiniň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ka­bul edil­ýän mil­li maksat­na­ma­la­ryň­dyr me­ýil­na­ma­la­ryň gy­şar­nyk­syz ama­la aşyrylýandygy­nyň aý­dyň gü­wä­si­dir. 

«Türk­me­nis­ta­ny 2025-nji ýyl­da durmuş-yk­dy­sa­dy taý­dan ösdürme­giň we ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy» ýur­du­myzyň ministrlikleri, pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry, welaýatlaryň, Aş­ga­bat hem-de Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hä­kim­lik­le­ri bi­len bi­le­lik­de, «Türkmenistanyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da durmuş-ykdysa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­satna­ma­sy­nyň», «Türkmenista­nyň Pre­zi­denti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şäher­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni özgert­mek boýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li maksatnamasynyň» hem-de 2025-nji ýyl üçin Döw­let býu­je­tin­de kesgitle­nen gaý­ra go­ýul­ma­syz we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň çäk­le­rin­de iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. 

Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy pu­dak­la­ryn­da ýoka­ry depgin­li ma­ýa goýum sy­ýa­sa­ty­ny durmu­şa ge­çir­mek üçin ze­rur şert­ler dö­re­di­lip, ýeterlik möç­ber­de ma­li­ýe se­riş­de­le­ri bölü­nip be­ril­ýär. Tä­ze maksatnama­nyň esasy we­zi­pe­si ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň deňagram­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek­den ybarat bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ma­ýa go­ýum­la­ryň möç­be­ri­ni art­dyr­ma­gyň, ýur­du­my­zyň ykdy­sa­dy­ýe­tin­de gaý­ta­dan işle­ýän önüm­çi­lik se­na­ga­ty­ny ös­dür­me­giň ne­ti­je­sin­de, se­na­gat­da ön­dü­ril­ýän hem-de eks­por­ta gö­nük­di­ril­ýän önümle­riň möç­berle­ri art­dy­ry­lar, ola­ryň gör­nüş­le­ri hem has gi­ňel­di­ler. Bu iş­ler, el­bet­de, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­tin­de döw­le­te da­hyl­syz pudagyň pa­ýy­ny art­dyr­ma­ga, şeý­le-de da­şa­ry ýurt ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mä­ge iter­gi berýär. Ýur­du­myz­da ýo­ka­ry dep­gin­li yk­dy­sa­dy ösü­şi dur­nuk­ly de­re­je­de üp­jün ed­ýän ma­ýa go­ýum sy­ýa­sa­ty­nyň al­nyp barylma­gy dür­li kär­ha­na­la­ry teh­ni­ki taý­dan hal­ka­ra de­re­jä la­ýyk döwrebap en­jam­laş­dyr­ma­ga, ön­dü­riji­li­gi ýo­kar­lan­dyr­ma­ga giň mümkinçi­lik döred­ýär. 

 

Serdar ARAZOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty