Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!» atly ajaýyp şygryny okap, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäde parahatçylygy berkitmek babatda ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlarynyň, daşary syýasatynyň häzirki döwür we geljek babatdaky taryhy ähmiýeti hakynda pikir edeniňde bir hakykata aýdyň göz ýetirýärsiň. Oňa görä türkmen Bitaraplygy — dünýä parahatçylyk, abadançylyk eçilýän kuýaşdyr.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň sahawatly we ynsanperwer ýörelgeleri ynanyşmak arkaly bütin dünýäni birleşdirýär, dost-dogan halklary jebisleşdirýär. Munuň hakykatdygyna BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem