Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
13.02.2025

BITARAPLYK — DÜNÝÄNIŇ YKRARY

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çuň parasaty bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ýurdumyzyň ösüşinde möhüm ähmiýetli şanly wakalara baý bolar. Şu ýyl berkarar Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30  ýyllyk baýramy uludan belleniler. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerini üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan syýasy-ykdysady we medeni ösüşler halkara derejede giňden ykrar edilýär. Türkmenistanyň öňden görüjilikli daşary syýasatynyň özenini düzýän hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, dünýä döwletleri bilen halkara derejede syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gazanylýan ösüşler ähli halkymyzy guwandyrýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän hemişelik Bitaraplyk syýasaty beýik ösüşleriň hatyrasyna dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň esasy guraly hökmünde hyzmat edip, täze mazmuna eýe boldy. 

Hormatly Prezidentimiziň möhüm halkara başlangyçlary, dünýäde parahatçylygy berkitmek we howpsuzlygy üpjün etmek, dürli ugurlarda hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sebitiň energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa meseleleri babatdaky teklipleri we başlangyçlary dünýäde giň goldawa eýe bolýar. 

Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamany kabul etmegi, şol ýylyň 6-njy dekabrynda 77-nji sessiýanyň 45-nji plenar mejlisinde kabul eden Kararnamasy esasynda 2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn bellärliklidir. Şol ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň Jemleýji resminamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde guramanyň resmi dilleriniň altysynda çap edilmegi türkmen döwletiniň parahatçylyga, beýik ösüşlere çagyryşlary bolup, dünýä ýaň saldy. 

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň halkara abraýynyň we taryhy tejribesiniň ykrar edilýändiginiň güwäsi boldy. 

Dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüşleri gazanmak babatda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun! 

 

Akjagül ŞIHLYÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Umumy bölüminiň 

Terjime bölümçesiniň terjimeçisi.