Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
14.02.2025

DÖWRÜŇ WASPY BELENTDEN

 

         Hormatly Prezidentimiziň 7-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde şu ýyl Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynda täze, döwrebap obalaryň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň, Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumynyň açylyp ulanmaga tabşyryljakdygy barada aýdanlary bizde çäksiz guwanç duýgusyny döretdi. 

Munuň özi agzybirlikden, jebislikden rysgal-bereket tapan, halallyga, adalata, ynsanperwerlige, dostana gatnaşyklara ygrarly merdana il-ulsumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sapaly durmuşa eýediginiň jedelsiz subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzy berk binýatly, senagat taýdan ösen, kuwwatly döwlete öwürmek, merdana halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda alyp barýan syýasaty barha rowaçlanýar. 

Ýurdumyzyň Günbatar sebitini jähekläp oturan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde we etrabynda, Balkanabat şäherinde hem-de Bereket, Gyzylarbat etraplarynda 2025-nji ýylyň ilkinji günlerinden bäri geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri çuňňur many-mazmuna eýe bolup, ýokary ruhubelentlige beslenýär. Bu watançylyk ruhundaky maslahatlara Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň we onuň ýerlerdäki guramalarynyň işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary, medeniýet we sungat ulgamynyň işgärleri, edara-kärhanalaryň hünärmenleri ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Bu işjeň maslahatlarda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer syýasaty, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň düýpli ýokarlandyrylmagynyň hatyrasyna amala aşyrýan beýik özgertmeleri, mähriban Diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatyna hem gönüden-göni dahyllydygyny buýsanç bilen nygtaýarlar. 

Geoykdysady taýdan diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş sebitde has amatly ýagdaýda ýerleşýän Balkan welaýaty, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyrylýan ykdysady, medeni-durmuş ulgamlaryndaky il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli taslamalar bu gün ynamly dowamat tapýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bolsa, sözüň doly manysynda, dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülýär. 

Maslahatlaryň dowamyndaky çykyşlarda buýsanç bilen aýdylan bu gürrüňler ýokary derejede guralýan çärelerimize gatnaşyjylaryň kalplaryna ýokary ruhubelentlik eçilip, balkanlylaryň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize söýgi-buýsançlarynyň çäksizdiginiň aýdyň beýanyna öwrülýär. Wagyz-nesihat maslahatlaryna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize türkmen döwletiniň berkararlygynyň, halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň hatyrasyna alyp barýan dünýä nusgalyk beýik işlerine baky rowaçlyk arzuw edýärler. 

 

Guwanç ÇENDIROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň 

Balkan welaýat komitetiniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty