Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Nowruz ýaýlasynyň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň dabaralar jaýynda «Eneleriň arzuwy dünýä dursun parahat!» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Ahal welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi tarapyndan guralan dabara Halkara zenanlar gününe bagyşlandy.
Bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, jemgyýetçilik guramalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlaryň, mährem eneleriň gatnaşmagynda geçen dabara belent ruhubelentlige beslendi. Dabarada Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlaglar, ýagşy arzuwlar aýdyldy, türkmen jemgyýetini durnukly ösdürmek, zenanlaryň eşretli döwrümiziň hözirini görüp ýaşamagy, amatly şertlerde zähmet çekmegi, nesil terbiýelemegi babatynda durmuşa geçirilýän ajaýyp işleriň ähmiýeti barada durlup geçildi.
Naz-nygmatly toý suprasynyň başyna ýygnananlar ýurdumyzda köp çagaly enelere «Ene mähri» hormatly atlarynyň dakylmagy, önümçiligiň dürli pudaklarynda tapawutlanyp zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlaryň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanmagy, ýaş enelere durmuş ýeňillikleriniň berilmegi zenanlar hakda edilýän bimöçber aladalaryň güwäsidigini buýsanç bilen bellediler hem-de munuň üçin hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň şowhunly aýdym-sazlary dabaranyň joşgunyny belende göterdi. Belent mukamly, şirin owazly aýdym-sazlarda mährem enelerimiziň, owadan gelin-gyzlarymyzyň waspy ýetirildi.
Resul IŞANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik
partiýasynyň Ahal welaýat
komitetiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň
deputaty.