Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýurdumyzyň hoşniýetli daşary syýasat strategiýasy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Munuň şeýledigine türkmen döwletiniň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Kararnamalaryň kabul edilmegi şaýatlyk edýär. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek bilen, ata Watanymyzyň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlarynyň dabaralanýandygyny görkezýär. Şu ýylyň şygarynda Bitarap ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy berkitmek, dünýä ýurtlaryny we halklaryny parahatçylyga, dost-doganlyga çagyryş baradaky asylly maksatlary öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda göz öňünde tutulan tutumly işlerdir çäreleriň toplumlaýyn häsiýete eýedigini nygtamak gerek. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça işlere badalga berildi. Bu tutumly işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk derejesi iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň, ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän parahatçylyk, dost-doganlyk, abadançylyk ýörelgelerine aýratyn ähmiýet berýän türkmen halkynyň at-abraýyny has-da belende göterer.
Wezirgeldi Aşyrow,
welaýat arassaçylyk we keselleriň
ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň
başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň
Mejlisiniň deputaty.