Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzy hemme taraplaýyn ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň badalga berýän tutumly işleriniň bady ýyl saýyn artýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagynda gazanylýan üstünlikler Watanymyzyň depginli ösüşine netijeli mümkinçilikleri açýar. Şeýle işlerde dürli maksatly binalary we desgalary gurmakda ýetilýän sepgitlerem bellärliklidir. Güneşli Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklar dogrusynda gürrüň açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjyndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gurluşygy dowam etdirilýän Arkadag şäherini ýatlamak ýakymlydyr. “Akylly” şäherligi, ekologiýa babatda arassalygy bilen tapawutlanýan Arkadag şäheri nusgalyk şäherdir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da ýurdumyzda gurluşyk-gurnama işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Öňdebaryjy tehnologiýaly täze kärhanalaryň gurluşygy durmuş-medeni maksatly ymaratlardyr desgalaryň gurluşygy bilen utgaşykly alnyp barylýar. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygam güýçli depginde dowam etdirilýär. Munuň özi Watanymyzyň ösüş-özgerişli aýdyň ýolunyň rowaçlanýandygyna doly şaýatlyk edýär.
Soňky ýyllarda ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap şäherçeleriň gurluşygyna-da uly üns berlip, bu babatda giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle bähbitli işler biziň welaýatymyzda-da üstünlikli dowam etdirilýär. Mary etrabynyň çäginde gurlup, ulanmaga berlen Döwletli zaman şäherçesi ýokarda ýatlanymyza aýdyň mysaldyr. Häzirki wagtda şeýle döwrebap şäherçeleriň gurluşygy welaýatymyzyň Sakarçäge, Wekilbazar we Türkmengala etraplarynda gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu döwrebap şäherçelerde ähli amatlykly ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, durmuş-medeni maksatly binalardyr desgalaryň gurluşygy dowam etdirilýär. Dogrusy, täze şäherçeleriň geljegi hakynda oýlananyňda, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer syýasatyň güneşli Diýarymyzda tutumly işlerde amala aşyrylýandygyna göz ýetirýärsiň.
Ýokardaky ýaly, bähbitli işler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da rowaçlanýar.
Artyk BÄŞIMOW.
Mary etrap häkimliginiň senagat, gurluşyk we beýleki pudaklar bölüminiň arhitektory, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty