Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz ösüşleriň ak ýoly bilen öňe barýar. Bu gün agzybir türkmen halky özüniň döredijilikli zähmeti bilen peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna jem bolup, Watanymyzyň ösüşleriniň şaýady bolýarlar. Ýurdumyzda her bir gazanylýan üstünlikler milli kanunçylygymyzyň döwrebaplaşdyrylyp, geçirilýän konstitusion özgertmeleriň netijesinde Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary esasynda amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tutuş adamzat jemgyýetiniň ösüşindäki tejribeden, şeýle hem türkmen halkynyň döwletlilik taglymatyna esaslanyp, öňe süren başlangyçlary halkymyz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolup, bütin halkyň bähbidine hereket edýän, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahaty öz işini üstünlikli ýerine ýetirýär. Çünki onuň maksady ýurdumyzda asudalygy, jebisligi pugtalandyrmakdan, halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekden, ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly derejede saklamakdan ybarat bolup durýar. Umumylykda aýdylanda, halk bilen häkimiýetiň arasyndaky baglanyşygy pugtalandyryp, halkyň bähbidini goramaga gönükdirilendir.
Halka sala salmak, halkyň pikirini diňlemek, maslahatlaşmak bular pederlerimizden gelýän mukaddes däplerimizdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri hem şu asylly däplerimize eýerip, mukaddes Garaşsyzlyk toýumyzyň öň ýanynda döwletli maslahat geçirdi. Maslahatyň döwletli çözgütleri bu gün halkymyzy guwandyrýar. Hormatly Prezidentimize iň ýokary tapawutlandyryş derejesi bolan Türkmenistanyň Gahrymany diýen hormatly adyň dakylmagy hem halkyň teklibiniň, göwün isleginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ata Watanymyzy ösdürmekde mynasyp goşant goşan, zähmetde tapawutlanan birnäçe ildeşlerimize hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda döwlet sylaglarynyň berilmegi bolsa watandaşlarymyzyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.
Ýol çekmek, köpri gurmak, bina galdyrmak halkymyzda pederlerimizden gelýän ýörelgedir. Döwletimizde sogaply işler bilen bir hatarda, haýyr-sahawatlylyk, ynsanperwerlik döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplanylýar. Şeýle ynsanperwer işleriň dowamaty bolan Türkmenistanyň Mejlisinde «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu medal ýurdumyzda adam bähbitlerini ileri tutmak, olaryň mertebesini belende götermek, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, haýyr-sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly asylly, sogaply milli däplerimize laýyklykda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny goldap, bu ugurda bitirýän işleri bilen tapawutlanan raýatlarymyzy sylaglamak maksady bilen döredildi.
Türkmenistanyň «Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagydyr. Bu medal bilen döwletimiziň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, howandarlyga mätäç çagalaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramaga mynasyp goşant goşan, olara lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermekde, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ýardam goldawlaryny uzadan meýletinçilik hereketini alyp barýan raýatlar sylaglanar. Bu medal bilen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar hem sylaglanyp bilner. Türkmenistanyň «Arkadag» medalyna mynasyp bolanlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglanýar.
Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilmegi bilen ýurdumyzda hereket edýän «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 9-njy maddasynda beýan edilýän Türkmenistanyň medallarynyň sanawyna «Arkadag» medaly hem girizilip, «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizildi.
Watana, halka hyzmat etmegiň belent nusgasyny görkezýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlary hemişe rowaçlyklara beslensin, janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Jeren GYLYÇMYRADOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Adam hukuklaryny
we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň agzasy