Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Golaýda Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde «Parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde bitaraplygyň orny» atly ýörite mejlis geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy hem-de Ýewropa Parlamenti bilelikde gurady. Mejlise Ýewropa Parlamentiniň deputatlary, halkara düzümleriň, diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde edilen çykyşlarda dünýäniň güntertibinde durýan meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda, olary durmuşa geçirmekde parlamentleriň öňünde durýan wezipeler, şeýle hem parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde bitaraplyk ýörelgesiniň möhüm ähmiýete eýedigi barada pikirgaraýyşlar beýan edildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň taryhy ösüşi, onuň hukuk esaslary barada gürrüň berdiler. 2025nji Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 21nji martynda BMGniň Baş Assambleýasynyň 79njy sessiýasynyň 61nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi Bitaraplyk syýasatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini, ýurdumyzyň halkara derejedäki atabraýynyň barha ýokarlanýandygyny, ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça tagallalarynyň dünýäde giňden goldanylýandygyny tassyklaýar.
Öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlylyk görkezýän Bitarap ýurdumyz tutuş sebitiň we dünýäniň abadançylygynyň bähbidine parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary öňe sürýär we olaryň goldanylmagyny gazanýar. Bitarap döwletimiz häzirki zaman gatnaşyklarynyň täze filosofiýasy hökmünde «Dialogparahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyny yzygiderli ilerledýär. Hormatly Prezidentimiz BMGniň Baş Assambleýasynyň 78nji sessiýasynda eden çykyşynda Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmagy teklip etdi. Şeýle hem BMGniň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu başlangyçlar sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, bu işde halk diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda möhüm ähmiýete eýedir.
Häzir halkara hyzmatdaşlykda hemde dürli meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda, durmuşa geçirmekde parlamentleriň orny barha ýokarlanýar. 2014nji ýyldan bäri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň agzasy bolmak bilen, Türkmenistanyň Mejlisi onuň mejlislerine we geçirýän çärelerine yzygiderli gatnaşýar. Şu geçen döwürde ýurdumyzda ÝHHGniň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde birnäçe çäreler, şol sanda 2023nji ýylda «ÝHHGniň çäginde howpsuzlygy,durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly Merkezi Aziýa sebitleýin maslahaty, 2024nji ýylda «ÝHHGniň çäginde parlament diplomatiýasy: dialogabadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly bilelikdäki maslahat geçirildi. Şu ýyl hem şeýle formatdaky maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Mejlisi 2017nji ýyldan bäri Parlamentara Bileleşigiň (IPU) agzasydyr. Mejlis Parlamentara Bileleşigiň durnukly ösüşi üpjün etmekde dünýäniň parlamentarileriniň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen çärelerine işjeň gatnaşýar. Ýewropa Bileleşiginiň Parlamenti bilen iki taraplaýyn dialogyň çäklerinde duşuşyklary geçirýär. Häzirki wagta çenli Mejlisiň wekilleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň parlament agzalarynyň gatnaşmagynda «TürkmenistanÝewropa Bileleşigi: parlament dialogy» görnüşindäki duşuşyklaryň 8si geçirildi. TürkmenistanÝewropa Bileleşigi formatyndaky gatnaşyklaryň çäklerinde «TürkmenistanÝewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň mejlisleri, adam hukuklary boýunça «TürkmenistanÝewropa Bileleşigi» dialogy dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, oňyn bitaraplyk we özara ynanyşmak ýörelgelerini halkara derejede ilerletmäge ýardam edýär. Parlamentara gatnaşyklar boýunça Brýusselde geçirilen mejlisiň dowamynda hem halkara meselelerde, parlament işinde uly tejribesi bolan wekilleriň täsirli çykyşlary oňa gatnaşyjylar üçin ähmiýetli we gyzykly boldy. Şunuň bilen baglylykda, şu formatdaky duşuşyklaryň geljekde hem dowam etdiriljekdigine ynam bildirildi.
Maksat KULYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň
Halkara we parlamentara
aragatnaşyklar baradaky
komitetiniň başlygy.