Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
02.04.2025

Tebigatyň ýaşyl ýaraşygy

 

     Ýakynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Bu dabara hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy halkymyzyň göwnüni galkyndyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralaryna gatnaşyp, bu asylly işe badalga bermegi nesiller üçin nusgalyk ýoldur, görelde mekdebidir. Bag nahallaryny köpçülikleýin oturtmak bilen baglanyşykly dabaralar halkymyzyň agzybirliginiň, döwletli işe ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşýandygynyň aýdyň güwäsidir. 

     Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitabyň «Tebigat we zähmet hakynda» diýen bölüminde tebigatyň gymmatly baýlyklary bolan ösümliklere, haýwanlara, topraga, suwa degişli atalar sözleri, nakyllar getirilýär. Bu kitapdaky bag bilen baglanyşykly «Bir nahal ekseň ýaşyň baky», «Saýany ekmedik salkynda ýatmaz», «Ýüz agaç eken oduna gitmez», «Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň» diýen ýaly nakyllardyr atalar sözlerinde bag ekmegiň we oňa ideg etmegiň möhümdigi nygtalýar. 

     Ýurdumyzy bagy­bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn­da, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň we Arkadag şäheriniň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektar ýeri tutýan tokaý zolaklary döredildi hem­de bu ýerlerde amatly howa gurşawy emele getirildi. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem­de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gök zolaklary döretmek boýunça degişli işler dowam etdirilýär. 

     Ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň meýdanyny giňeltmek, tokaýlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak, biologik dürlüligi gorap saklamak, ekologiýa taýdan amatly şertleri döretmek, tokaýçylygy ösdürmek, onuň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, ekologiýa ugurlary boýunça ylmy­barlag işlerini alyp barmak hem­de tokaýçylyk babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek ekologiýa syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. 

     Tebigatda tokaý agaçlarynyň we beýleki ösümlikleriň ähmiýeti öran uludyr. Ösümlik dünýäsi tebigatyň deňagramlylygyny saklaýar hem­de ýaşaýşyň gözbaşy bolup çykyş edýär. Baglar «Ýaşyl süzgüç» bolup hyzmat edýärler. Bir gektar ýerde ösýän agaçlar her ýylda howadan 50-70 tonna tozany sorup alýarlar. Howany mehaniki arassalamak usullaryndan başga­da, ýaşyl agaçlaryň täsiri bilen, onuň biologik taýdan arassalanmagy hem bolup geçýär. Haçan­da howa agaç şahalarynyň arasyndan geçen mahaly onuň bölüp çykarýan gazlary — fermentleri kesel dörediji mikroblaryň köpüsini ýok edýär. Adam eli bilen döredilýän tokaý zolaklarynyň howanyň üýtgemeginiň täsirini peseltmekde, ýurdumyzy bagy­bossanlyga öwürmekde, biodürlüligi gorap saklamakda ähmiýeti örän uludyr. 

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, «Türkmenistanyň 2021 – 2025­nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy», şeýle hem 2022­nji ýylda «Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 – 2025­nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamalarda ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

     Türkmen halky ähli döwürlerde­de tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji ýaly gorap gelipdir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ekologiýa abadançylygyna möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzy bagy­bossanlyga öwürmek boýunça maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda tokaýlaşdyrmak babatda alnyp barylýan tutumly işler Türkmenistanyň daşky gurşawy gorap saklamak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky halkara başlangyçlarynyň, BMG­niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan, Çölleşmä garşy göreşmek, Biodürlülik baradaky konwensiýalardan gelip çykýan borçnamalaryň berjaý edilmegine we Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine uly itergi berýär. 

     Türkmenistan Durnukly ösüş babatda Gün tertibini doly goldamak bilen, bu maksatlara goşulmak boýunça milli derejede yzygiderli we anyk işleri amala aşyrýar. Häzirki wagtda Durnukly ösüş maksatlarynyň wajyp görkezijileriniň ýerine ýetirilmegi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052­nji ýyllarda durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 2028­nji ýyllarda durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda sazlaşykly alnyp barylýar. 

     Türkmenistan ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, şol sanda senagatda, oba hojalygynda, ulag we aragatnaşyk pudaklarynda, şäher gurluşyk işlerinde we beýleki durmuş ulgamlarynda ekologiýanyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini ilkinji borç edip goýýar. Milli meýilnamalar, maksatnamalar, strategiýalar işlenilip taýýarlanylanda we olar amala aşyrylanda, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak hem­de Durnukly ösüş maksatlary, ilkinji nobatda, göz öňünde tutulýar. 

     Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň 17 sany görkezijisiniň 15­nji maksady «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem­de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hem­de biologik köpdürlüliginiň ýitmegini bes etmek» diýlip bellenilen. Şu maksadyň 2­nji böleginde bütin dünýäde tokaýlaryň ähli görnüşlerini rejeli peýdalanmagyň usullarynyň girizilmegine ýardam bermek, tokaýlaryň selçeňleşmegini togtatmak, selçeňleşen tokaýlary dikeltmek we bag ekilen meýdanlaryň çäklerini ep­esli giňeltmek babatda anyk wezipeler göz öňünde tutulýar. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabaralary hem durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde degişli işleriň ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. 

     Ýurdumyz boýunça şu möwsümde saýaly, pürli, miweli baglaryň jemi 632 müň 498 düýbi ekildi, seýilgähleri we tokaý zolaklaryny arassalamak, abadanlaşdyrmak işleri bilen birlikde 2 million 260 müň 836 düýp baglara ideg etmek işleri ýerine ýetirildi. Bag nahallarynyň ekilmegi, olara ideg edilmegi adam hakda edilýän aladadyr. Munuň şeýledigine 2022­nji ýylda BMG­niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. 

     Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14­nji maddasynda «Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir» diýlip kesgitlenilýär. Şu düzgünlere laýyklykda, ekologiýa babatda milli hukuk binýady kämilleşdirilýär. Kabul edilen täze kanunçylyk namalaryna daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, adamlaryň saglygyny gorap saklamak, ekologiýa jogapkärçiligi boýunça çäreleri hökman ýerine ýetirmek baradaky maddalar goşuldy. Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary daşky gurşawy goramak meselelerini çözmekde möhüm hukuk binýady bolup çykyş edýär. 

     Ýakynda ýurdumyzda geçirilen bag ekmek dabaralarynda ekilen baglar ata­babalarymyzyň daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamak ýörelgeleriniň häzirki nesiller tarapyndan mynasyp dowam etdirilýänliginiň aýdyň nyşanydyr. 

 

 

Azat SEÝDIBAÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň agzasy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty.