Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylyň Bütindünýä saglyk gününe ykjam taýýarlyk görülýär. Bu ýylyň şanly wakalara beslenýändigi il-günümizi guwandyrýar. Şanly senä taýýarlyk görülýän günlerde ýylyň taryhy wakasy bolan BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini ýatlaman bolmaz. Çünki, parahat durmuşda saglygyň hözirini görmek her bir ynsanyň baş arzuwydyr.
Bütindünýä saglyk güni Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda giňden bellenilip geçilýär. Şu baýramçylyk mynasybetli geçirilýän sport-sagaldyş çäreleri sagdynlygy we ruhubelentligi wagyz-nesihat etmegiň täsirli serişdesi bolup hyzmat edýär. Bütindünýä saglyk gününde welosipedli ýörişler köp adamly bolup, bu sport çäresiniň bähbitli täsiri ýylsaýyn ýokarlanýar. Sportuň sagdynlygyň we ruhubelentligiň girewidiginden ugur alnyp, sport çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türgenleriň arasynda guralýan sport bäsleşikleri özboluşly baýramçylyk dabaralaryna öwrülýär. Bahar paslynyň jana şypaly günlerinde bellenilýän bu senäniň aýdym-sazlaryň şirin owazyna beslenmegi il-günümizde ýokary ruhubelentligi döredýär. Ajap eýýamymyzda her ýylyň baharynda Bütindünýä saglyk gününi uludan toýlamak asylly däbe öwrülmek bilen, sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramynyň dabarasy dag aşýar.
Ýusup ANNAÝEW.
Welaýat köpugurly hassahanasynyň lukmany,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.