Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
03.04.2025

SPORT — RUHUBELENTLIGIŇ ÇEŞMESI

 

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, jemgyýetimizde bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işlere ildeşlerimiziň barha köpsanlysynyň goşulmagy ýurdumyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülendigini subut edýär. Her ýyl Bütindünýä saglyk güni mynasybetli paýtagtymyzda we welaýatlarda baýramçylyk dabaralary bilen utgaşykly köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Häzirki döwürde sportuň bu görnüşi ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolup, onuň muşdaklarynyň sany barha artýar.

 

     Maglumatlara görä, welosiped sportunyň taryhy XIX asyryň ikinji ýarymynda Fransiýada geçirilen ilkinji iri sport ýaryşlaryndan başlanýar. 1896-njy ýylda sportuň bu görnüşi Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilýär.

     Ýurdumyzda welosiped sportunyň taryhy 1894-nji ýylda Aşgabatda ilkinji welosipedçiler jemgyýetiniň döredilmeginden gözbaş alýar. Şol ýylyň yzysüre welosipedçileriň ilkinji ýaryşy geçirilýär. Latyn dilinden terjime edilende, welosiped «çalt aýak» diýmegi aňladýar. Welosiped sportunyň we welosipedli gezelençleriň adamyň özüni oňat duýmagyna hem-de bedeniň sagdynlygyna oňyn täsir edýändigi göz öňünde tutulyp, häzirki wagtda ýurdumyzda welosiped sporty we umuman, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň, ýerlerde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde oba-şäherlerimiziň ählisinde iň täze enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş edaralary we şypahana ulgamynyň binalary, sport desgalary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri gurulýar, hereket edýän ugurdaş desgalar döwrebaplaşdyrylýar.

 

 

Gadam HEMRAÝEW, 

welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty