Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
04.04.2025

PARASATLY YKDYSADY BAŞLANGYÇLAR

 

    Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara, goşulan gymmatyň bäsleşige has ukyply hatarlaryny we zaýasyz ykdysadyýeti döretmekden ugur almak bilen, sanlylaşdyrmaga geçmek durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm ugurlary bolup durýar.

                                                                                                               

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen 79-njy sessiýasyna gatnaşyp, birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.

     Türkmenistan durmuş-ykdysady ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýär. 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibiniň üstünde işlemegi dowam etdirýän Türkmenistan garyplygy ýok etmäge, ösüp barýan ýurtlary goldamak üçin halkara maliýe arhitekturasyny kämilleşdirmäge, ählumumy energiýa, ulag baglanyşygyny berkitmäge, bütindünýä aragatnaşyk-tehniki serişdeleriniň, emeli aň ulgamlarynyň deňagramly ösüşine gönükdirilen anyk işleri amal etmegi maksat edinýär. Bu ugurda Türkmenistan Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete (Sirkulýar ykdysadyýete)  geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp düzmäge, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we Durmuş meseleleri boýunça departamentiniň, sebitleýin ykdysady komissiýalarynyň bäşisi bilen hyzmatdaşlykda BMG-niň 2026 — 2035-nji ýyllar döwründe «Durnukly ulagyň onýyllygyny» durmuşa geçirmek üçin Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasynyň işlenilip düzülmegini hödürlemäge taýýarlyk görýär. 

     Mundan başga-da, ýurdumyz Bütindünýä durnukly ulag gününe bagyşlanylan halkara çäräni we BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamasyna laýyklykda, Durnukly ulagyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki nobatdaky duşuşygyny geçirmegi teklip etdi. Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek başlangyçlary hem bar. 

     Ýapyk aýlawly ykdysadyýete geçmek durnukly ykdysadyýete, bar bolan tebigy, zähmet we maliýe serişdelerini netijeli we oýlanyşykly peýdalanmaga gönükdirilendir. Bu durnukly ösüşe degerli täsir edýän täze ekologik töwekgelçilikleriň ýyl-ýyldan ýokarlanýandygy hasaba alnanda aýratyn derwaýys bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, gaýtadan peýdalanmagyň iň ýokary derejesine laýyk gelýän önümleri, toplaýyş önümlerini we materiallary işläp taýýarlamak we ýaýratmak ýoly bilen, sarp ediş düzgünlerini amatly etmäge aýratyn üns berler.

     Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşinde öňde goýulýan esasy wezipeleriň biri hem Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bolup durýar. 

     Türkmenistan Ýapyk aýlanyşykly ykdysadyýete geçmegiň tapgyrlaryny eýýäm birnäçe ýyllardan bäri dowam etdirýär. Muňa mysal hökmünde ýurduň çäginde gurulýan zawodlardyr kärhanalarda, iri önümçiliklerde ekologiýa taýdan arassa bolmagy, daşky gurşawa zyýansyz bolmagy hem-de az galyndyly ýa-da galyndysyz önümçiligi ornaşdyrmak babatda ähli tagallalaryny edýär. Serişde tygşytlaýjy we galyndylary özünde gaýtadan işlemek bilen täzeden önüm öndürmeklige ukyply zawodlar guruldy we gurulmagy dowam etdirilýär. Bu işler, ilkinji nobatda, ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda has aýdyňlygy bilen görünýär. 

     Mary döwlet elektrik stansiýasy türkmen energetikasynyň kerwenbaşysy bolup, 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda utgaşykly dolanyşykda işleýän, taslama kuwwaty 1574 MWt bolan täze elektrik stansiýanyň işe girizilmegi netijesinde jemi kuwwaty 2985,7 MWt-a barabar boldy. Elektrik energiýasyny işläp çykarmagyň iki dolanyşygynyň utgaşdyrylmagy elektrik stansiýasynyň peýdaly täsir koeffisiýentini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu elektrik stansiýasynda ornaşdyrylan utgaşyklylykda işleýän gaz turbinaly desga işlenilen gazy gaýtadan işlemek bilen iň az möçberde galyndy çykarýar we ýokary derejede elektrik öndürýär. 

     Häzirki wagtda ýurdumyzda, hatda sebitde uly desgalaryň ýene-de biri bolan Balkan welaýatynyň çäginde kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, elektrik geçirijisiniň we elektrik bekediniň gurluşygy dowam etdirilýär. 

     Mundan başga-da, Ahal we Derweze Döwlet elektrik stansiýalarynyň, Awaza Döwlet elektrik stansiýasynyň, Daşoguz Döwlet elektrik stansiýasynyň, Lebap Döwlet elektrik stansiýasynyň gaz turbina desgalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek bilen bagly işler ýokary derejede alnyp barylýar. Bu işleriň ýerine ýetirilmegi üçin bolsa ägirt uly maýa goýumlar goýulýar. Bularyň hemmesi, ilkinji nobatda, galyndysyz energiýany üpjün etmek hem-de ýapyk aýlanyşykly, ýagny galyndysyz (sirkulýar) ykdysadyýete geçmek boýunça edilýän işlere mysaldyr.

     2024-nji ýylyň fewralynda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde türkmen wekiliýeti tarapyndan öňe sürlen teklipleriň arasynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüşe gönükdirilen gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryna esaslanyp, ýapyk aýlanyşykly, ýagny galyndysyz ykdysadyýete geçmek boýunça ählumumy Çarçuwaly maksatnamany işläp taýýarlamak teklip edildi. 

     Türkmenistan Gün we ýel energiýasyny ulanmak boýunça taslamalary işjeň durmuşa geçirýär. 2021-nji ýylda kabul edilen «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we 2030-njy ýyla çenli milli strategiýa ykdysady ösüş bilen daşky gurşawy goramagyň arasynda deňagramlylygy saklamaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan ýurtda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň ösmegine we eksport mümkinçiliginiň ýokarlanmagyna goşant goşýan Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA), Aziýanyň ösüş banky we ÝHHG ýaly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

     Türkmenistan 2015-nji ýylda gol çekilen hem-de tassyklanan howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny tassyklan döwletleriň hataryna girýär, şeýle hem zyýanly gazlaryň ýaýramagyny azaltmak boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryny giňden goldamak bilen, ekologiýa taýdan howpsuz we serişde tygşytlaýan, döwrebap, «ýaşyl» tehnologiýalaryň ulanylmagyna aýratyn üns berýär. 

     Halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek, döwletimiziň ösüşlerini has-da işjeňleşdirmek ugrunda, şeýle hem sebitde durnukly ösüşiň gazanylmagynyň hatyrasyna beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

Gurbangeldi AŞYROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.