Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
21.04.2025

TÜRKMEN-ÝAPON GATNAŞYKLARY ÖSÜŞIŇ TÄZE BASGANÇAGYNDA

 

     Bitarap Türkmenistan Aziýa ­ Ýuwaş umman sebitiniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyň biri bolan Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda üstünlikli ösdürýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz Ýaponiýa uzak möhletli, ygtybarly we durnukly hyzmatdaş hökmünde garaýar. Döwlet Baştutanymyzyň 13­15­nji aprelde bu dostlukly döwlete amala aşyran ilkinji sapary bolsa türkmen­ýapon gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyryň başyny başlady. Saparyň dowamynda Osakada we Tokioda geçirilen duşuşyklardyr gepleşikler netijeli häsiýete eýe bolup, olaryň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyza Ýaponiýanyň iň öňde baryjy ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory akademiki derejesiniň berilmegi ähli halkymyzyň, aýratynda, ylym­bilim jemgyýetçiliginiň wekilleriniň buýsanjyny has­da artdyrdy. Biz hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň düzüminde şol taryhy wakalara dahylly bolan ildeşlerimiziň käbiriniň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik.

 

Annamuhammet SARJAÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş

syýasaty baradaky komitetiniň başlygy:

 

— Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen türkmen-ýapon gatnaşyklarynda parlament hyzmatdaşlygy hem ileri tutulýar. 2018-nji ýylyň oktýabrynda Türkmen-ýapon parlamentara dostluk topary bilen Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi. Şonuň netijesinde, kanun çykaryjylyk ulgamynda bilelikdäki hereketler has-da işjeň häsiýete eýe boldy. Bu resminamanyň maksady parlamentleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy birek-birege hormat goýmak we dehukuklylyk ýörelgeleri esasynda ösdürmäge, işjeň gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, özara saparlaryň guralmagyna, kanun taslamalarynyň taýýarlanylmagy, kanunçylyk namalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin peýdalanylýan bilimleridir tejribeleri yzygiderli alyşmaga, özara kabul ederlikli çözgütleri tapmakda ikitaraplaýyn maslahatlaşmalary guramaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda türkmen-ýapon parlamentara gatnaşyklarynda tejribe alyşmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň golaýda Ýaponiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde hut şu ugra hem möhüm ähmiýet berildi. 

     Osakada badalga alan «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmagynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen geçiren duşuşygynda parlamentara hyzmatdaşlygy Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup, häzirki wagtda onuň ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynamy, düşünişmegi berkitmegiň möhüm gurallarynyň birine öwrülendigi aýratyn nygtaldy. Şunda hormatly Prezidentimiziň parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmakda Türkmen-ýapon parlamentara dostluk toparynyň alyp barýan işine üns bermegi bizi örän begendirdi. Milli Liderimiziň, döwlet Baştutanymyzyň döredýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde soňky ýyllarda bu toparyň işi işjeň häsiýete eýe boldy. Geçen ýylyň fewralynda Tokio amala aşyran iş saparymyzyň çäginde-de Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň Sekretariatynyň başlygy Matsuşita Şinpeý, Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň Başlygy Fukuşiro Nukaga bilen duşuşyklar geçirilip, olarda parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşypdyk. Şonda Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylyň sentýabrynda Ýaponiýanyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda öňe süren teklipleriniň iş ýüzünde amala aşyrmagyň, parlamentara dostluk toparynyň işini güýçlendirmegiň, parlamentara hyzmatdaşlykda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmagyň, bu ugurda ýaşlaryň özara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň zerurdygy bellenilipdi.

     Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda «ITOCHU», «Kawasaki», «Mitsubishi», «Sojitz», «Toyo», «Mitsui», «Sumitomo» ýaly iri ýapon kompaniýalary üstünlikli iş alyp baryp, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine uly goşant goşdular. Garabogazdaky ammiak we karbamid öndürýän gazhimiýa toplumyny, Gyýanlydaky polimer zawodyny, Owadandepedäki tebigy gazdan benzin öndürýän zawody we Çärjew etrabyndaky gaz turbinaly elektrik stansiýasyny bolsa türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygynyň aýdyň nyşany hökmünde görkezmek bolar. Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen geçiren duşuşygynda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz şular barada aýdyp, bu möhüm ugurdaky işleriň geljekde-de 

üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi. Biz — deputatlaryň esasy wezipämiz bolsa ýurtlarymyzda parlament işiniň guralyşyny, kanunçykaryjylyk tejribesini, parlamentarileriň iş usullaryny içgin öwrenmek arkaly özara bähbitlilik we deňhukuklylyk esasynda guralýan türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goşant goşmakdan ybaratdyr. Bize bu babatda ähli mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň döwletli tagallalarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.