Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
17.04.2025

Bagtyýarlygyň berk binýady

 

     Saglyk ýaşaýşyň hiliniň möhüm ähmiýetli ölçegidir we görkezijisidir. Il saglygy bolsa bagtyýar durmuşyň berk binýadydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmegiň baş ugry hasaplanylýar.

 

     Saglyk we raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgeleri hakyndaky alada diňe bir döwlet maksatnamalarynda, Türkmenistanyň Kanunlarynda, lukmançylyk edaralarynyň, sport desgalarynyň giň möçberli gurluşygynda we şypahana, dynç alyş ulgamynyň ösdürilmeginde däl, eýsem, jemgyýetçilik durmuşynda, adamlaryň ruhy we medeni derejesiniň ýokarlanmagynda, milli ykdysadyýetimiziň ekologiýa taýdan ösüşinde öz beýanyny tapýar. Hut şu ýörelgeler we gymmatlyklar  hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň hem esasyny düzýär.

     Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyny gazanmak ugrundaky aladalar bu günki gün tutuş ýurdumyzy we il-ulsumyzy gurşap alýar. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde nusgalyk görelde görkezip, yzygiderli saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişe gatnaşmagy hemmeleriň sporta bolan höwesini goşalandyrýar. 

     Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesliň saglygynyň goralmagyny döwlet derejesindäki wajyp wezipe hökmünde kesgitläp, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmeginiň uzakmöhletleýin umumymilli maksatnama mahsus bolan guramaçylykly häsiýete eýe bolmagyna badalga berdi. Hut şu ugurda eýýäm anyk we yzygiderli ädimler ädildi. Muňa mysal edip, ýurdumyzda umumymilli spartakiadalaryň we sportuň dürli görnüşi boýunça halkara ýaryşlarynyň guralmagyny, sportuň maddy-tehniki binýadyň döwrebaplaşdyrylmagyny we ösdürilmegini görkezmek bolar.

     Ýurdumyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlarynyň, desgalarynyň, mekdeplerdir  aýlawlaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi netijesinde ilatyň köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Netijede türkmen türgenleri sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we dünýä ýaryşlaryna yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. 

 

 

Züleýha JORAÝEWA, 

Çärjew etrap hassahanasynyň baş şepagat uýasy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty