Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
24.04.2025

PARAHAT WATANYŇ BAGTYÝAR ÝAŇY

 

     Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlyklary, dost-doganlyk hem diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýýar. Öňden gelýän ysnyşykly gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda ýurdumyzda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan döwletimiz diňe bir dünýä döwletleri bilen däl, eýsem, iri halkara guramalary bilen hem işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Has takygy, ata Watanymyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ençeme Kararnamalar kabul edildi. Olaryň biri hem “2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamadyr. Bu Kararnamanyň kabul edilmeginde 86 döwletiň awtordaş bolup çykyş etmegi bolsa, ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň halkara giňişliginde uly ähmiýete eýedigini äşgär edýär. 

     Üstümizdäki — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämize eýe bolanymyza 30 ýyl dolýar. Bu ýyllaryň içinde hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiziň üç gezek dünýä ýüzünde ykrar edilip, ýurdumyzyň içeri hem daşary syýasatynda uly işler durmuşa geçirilip, ata Watanymyzyň halkara abraýy günsaýyn ýokarlandy. 

     Bitarap döwletimiz dünýä döwletleri bilen dürli ulgamlarda hoşniýetli hyzmatdaşlyklary alyp barýar. Munuň özi ýurdumyzda halkara gatnaşyklarynyň işjeň häsiýetde bolmagyna giň mümkinçilik berýär.

Maksat JANMYRADOW.

TMÝG-niň welaýat geňeşniň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.