Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
19.10.2023

KERAMATLY SÖZLER — GANATLY SÖZLER...

 

Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çuň manyly çykyşynda bagtyýar zamanamyzyň deslapky taryhy şertlerini, geçilen ýoluň menzillerini ylmy taýdan çuňňur esaslandyryp beýan etdi, ýurduň batly ösüşiniň geljekki ugurlaryny kesgitledi. Milli Liderimiziň belläp geçişi ýaly, biziň beýik ýeňişlerimiziň we üstünliklerimiziň, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň esasynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy durýar. Garaşsyzlyk bize döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär. Biz ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepaly, olara eýerip hem ösüşiň milli nusgasyny saýlap aldyk. Biziň daýanjymyz — milletiň bitewüligi, parahatçylyk söýüjilik däpleri. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan hakyky halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir. Bu baradaky pikir Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda buýsanç bilen beýan edildi: «Biziň ösüş nusgamyz — häzirki ählumumylaşma döwründe ýüze çykýan soraglary çözmegiň netijeli ýoludyr. Milli agzybirligimiz, kanunyň hökmürowanlygy, häkimiýet edaralarynyň we durmuş ulgamynyň netijeli bolmagy, jemgyýetçilik pikiriniň ileri tutulmagy biziň saýlap alan ýolumyzyň kesgitleýji aýratynlygydyr».

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda döwlet Garaşsyzlygy we halkyň abadançylygy baradaky taglymatyň düýp mazmuny öz beýanyny tapdy. Ol mazmun binýatlaýyn garaýyşlaryň birnäçesine daýanýar: birinjiden, halkyň we häkimiýetiň mizemez bitewüligi - bu biziň ähli işlerimizde hereketlendiriji güýç. Ýurdumyzyň Esasy Kanunyna laýyklykda, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk çeşmesidir. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, beýleki düzgünleşdiriji hukuk namalaryň tapgyrlaýyn esasda kämilleşdirilmegi döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň netijeliligini ýokarlandyrma yň girewi bolup durýar. Syýasy durnuklylygy we raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, ýurduň kuwwatly ykdysady mümkinçiliklerini döretmek halkyň bitewüliginiň esasynda mümkin bolýar. 

Durmuşyň wajyp meselelerini çözmäge ukyply ýolbaşçylaryň, gullukçylaryň täze neslini terbiýelemek, döwlet dolandyryş ulgamynyň işgärler düzümini kämilleşdirmek Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen ýurdumyzyň beýik gazananlaryny şertlendirdi. Senagat taýdan innowasion ösüşiň we ykdysadyýetiň pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň ýokary depginleri, bazar ykdysadyýeti gurallarynyň netijeli ulanylmagy halkymyzyň zähmet hem-de döredijilik zehinini ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi. Döwlet, milli maksatnamalaryň we beýleki möhüm resminamalaryň durmuşa geçirilmegi arkaly ata Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha berkidilýär. Gahryman Arkadagymyz ykdysady netijeliligi we öndürijiligi ýokarlandyrmagyň, gaýtadan işleýän pudaklary döwrebaplaşdyrmagyň, galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ösüşiň milli nusgasynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny belläp geçdi. Bu ugurdaky gazanylan sepgitler ilatyň durmuşynyň ýokary derejesini üpjün etmegiň esasyny döredýär. Ýurtda suw gorlaryny aýawly saklamak we olardan tygşytly peýdalanmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. «Ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň meseleleri hemişe üns merkezinde. Ekologiýa babatda ýokary talaplara laýyk gelýän zawodlar we fabrikler gurulýar. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ähli sebitlerini gülletmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Merkezi Aziýada ilkinji gezek innowasion taslama durmuşa geçirildi: «akylly şäher» konsepsiýasynyň esasynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry gurlup ulanmaga berildi. Geljegiň şäheri bolan bu şäher ýurduň ägirt uly ykdysady we maýa goýum kuwwatyny şöhlelendirýär, onda ýaşamak üçin ýokary derejeli amatly gurşaw döredildi. 

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny joşgunly sözler bilen jemledi: «Biz öňümizde belent wezipeleri goýduk. Yhlas bilen başyna barlan işler bolsa bitmän galmaz. Şoňa görä-de, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň abadançylygy üçin egsilmez gujur-gaýratymyza we synmaz erkimize daýanyp, öňküden-de jebisleşip, tutanýerli zähmet çekmelidiris! Biz diňe halk bilen beýik işleri we belent wezipeleri amala aşyrmalydyrys!». 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň dowamynda möhüm ähmiýetli waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ady dakmak hakyndaky Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary biragyzdan goldanyldy. Bu bolsa bütin halkymyzyň bitewi erkiniň nyşanyna öwrüldi. 

Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda ýadawsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan sag bolsunlarymyzy aýdýarys.

 

Ogulşad DURDYMEDOWA, 

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty