Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
19.10.2023

IL SAGLYGY — DÖWLETIŇ GYMMATLY BAÝLYGY

 

Täze taryhy döwürde döwlet syýasatynyň düýp özeninde halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ynsan gymmatlyklaryna hormat goýmak, hemaýata mätäçlere goldaw bermek mukaddes ýörelgä öwrülýär. 

Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilmegi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy-syýasy ähmiýetli wakasyna öwrülip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlaryny, ägirt uly sahawatly işlerini bütin dünýä äşgär edýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli daşary ýurtlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň ençemesi «Arkadag» medalynyň ilkinji eýeleri boldular. 

Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sylaglanylmagy aýratyn buýsançly waka boldy. Bu sylag täze taryhy döwürde sagdyn nesil hakdaky aladanyň ileri tutulýandygynyň we ynsan mertebesiniň, ynsanperwerligiň sarpalanýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň 15-nji jildiniň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykmagy göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Güneşli ülkämizde bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu ensiklopedik-ylmy iş degişli hünärmenler, saglygy goraýyş işgärleri üçin uly gollanmadyr. Bu ajaýyp kitapda müň ýyllyklaryň dowamynda kemala gelen halk tebipçiliginiň baý tejribesi we onuň häzirki zamanda ylmy taýdan öwrenilişi öz beýanyny tapýar. 

Halkymyzyň saglygy, ýurt abadançylygy hakynda ägirt uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! 

 

Arazmyrat HANGELDIÝEW, 

Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň 

ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygy, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.