Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
21.06.2025

PARAHATLYGYŇ, BAGTYÝARLYGYŇ NYŞANY

 

     TÄZE TARYHY DÖWÜRDE ÖSÜŞLERIŇ RÖWŞEN ÝOLUNDAN BEDEW BADY BILEN ÖŇE BARÝAN EZIZ DIÝARYMYZDA ÝETILEN BELENT SEPGITLERIŇ HÖZIRINI GÖRÜP ERKANA DURMUŞDA ÝAŞAÝAN ÇAGALAR BARADAKY ALADA ÝURDUMYZDA ALNYP BARYLÝAN DÖWLET SYÝASATYNYŇ ESASY UGURLARYNYŇ BIRIDIR. TÜRKMENISTANY BAGTYÝAR, ŞADYÝAN, BAGTLY ÇAGALARYŇ ÝURDUNA ÖWÜRMEK UGRUNDA TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ BAŞYNY BAŞLAN IŞLERINIŇ HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ PARASATLY BAŞTUTANLYGYNDA ÜSTÜNLIKLI DOWAM ETDIRILMEGI MÄHRIBAN HALKYMYZDA KANAGATLANMA DUÝGULARYNY DÖREDÝÄR.

 

     2023-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasyny» ýurdumyzda çagalar barada aladanyň üns merkezinden düşmeýändigini, çagalar üçin döredilýän şertleri mundan beýläk-de gowulandyrmaga, olaryň hukuklarynyň we abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridiginiň subutnamasyna öwrüldi. 

     Milli kanunçylygymyzyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilmegi, çagalaryň hukuklarynyň, abadançylygynyň üpjün edilmegini, çaganyň hukuklarynyň we bähbitleriniň goragynyň ygtybarlylygyny kepillendirýär. Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG tarapyndan kabul edilen çagalaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen «Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyny» tassyklamak bilen ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn kämilleşmegi üçin oňaýly şertleri üpjün etmäge işjeň gatnaşýar. Türkmenistan çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda BMG-niň esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär we bu ugurda durmuşa geçirilýän işler ÝUNISEF tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. 

     Nirede parahatçylyk, asudalyk, bagtyýarlyk bar bolsa, şol ýerde hem çagajyklaryň şadyýan sesleri belentden ýaňlanýar. Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, dünýämiziň iň uly şatlyk-şowhuny, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamaty. Çagajyklaryň şadyýan gülküleri bahasyna ýetip bolmajak hazyna deň. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen eneleriň we çagalaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilen kanunlaryň kabul edilmegi, olaryň döwrüň talabyna görä kämilleşdirilip durulmagy, döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralaryň, umumy bilim berýän edaralaryň, sagaldyş-dynç alyş toplumlaryň gurlup ulanylmaga berilmegi çagalaryň hemmetaraplaýyn kadaly ösüşini, ajaýyp durmuşyny üpjün etmekde zerur şertleriň döredilmegi mähriban halkymyzda kanagatlanma duýgularyny döredýär. 

     Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizilen «Çagalary goramagyň halkara güni» her ýylyň 1-nji iýunynda bütin dünýäde bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda hem giňden bellenilýär. Bu baýramyň şanyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinde medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik bäsleşikleri, sport ýaryşlary gurnalýar. Tomus paslynyň güneşli günlerinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýaş türkmenistanlylaryň sapaly dynç almaklary, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, sagdyn ulalmaklary üçin ähli şertler döredilendir. Awazada, Gökderede we welaýat merkezlerinde gurlan dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň müňlerçesi wagtlaryny şatlykly geçirýärler. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde döwrebap dynç almaklary, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin hem ähli şertler döredilýär. Bu bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň ýokary derejede bellenilýän ýylynda ýaş nesilleriň şatlygyny goşalandyrýar.

     Ata Watanymyzda kalby buýsançdan, nurana ýüzleri mähirden doly bagtyýar çagalaryň şadyýan gülki sesleri mukaddes maşgala ojagyňyzda hemişe ýaňlanyp dursun!

 

Nepes ROZYÝEW,Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.