Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
21.06.2025

BIZIŇ ŞU GÜNÜMIZ HEM GELJEGIMIZ

 

     Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan döwletimiziň kanunçylyk namalarynda çagalaryň hukuklarynyň goragynyň kanuny esaslarynyň üpjün edilmegi meselelerine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn çemeleşilýär. Çagalaryň hukuklaryny, abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Milli meýilnamanyň kabul edilmegi ýaş nesil hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynda aýratyn orun eýeleýändigine şaýatlyk edýär

 

     Wa­ta­ny­my­zyň äh­li künje­gin­de döw­re­bap mek­debe çen­li çaga­lar eda­ra­la­ry, bi­lim eda­ra­la­ry, dynç alyş, be­den­terbiýe sagaldyş toplum­la­ry guru­lýar. Ýaş ne­sille­riň döw­re­bap bi­lim alma­gy, ça­ga­lar­da ýo­ka­ry ah­lak sypat­la­ry­nyň, wa­tan­sö­ýü­ji­ligiň terbiýelenmegi ugrunda amat­ly dur­muş şert­le­ri döredilýär.

     Çaga­la­ryň sag­ly­gy­ny gora­mak­da, bag­ty­ýar dur­muş­da ýaşamagyn­da, jem­gy­ýet­de öz orun­la­ry­ny tap­ma­gyn­da, ählitarapla­ýyn ösü­şi­ni üp­jün et­mä­ge ze­rur şert­le­ri dö­ret­mek­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­lara he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr­-sa­ha­wat gaz­na­sy tarapyn­dan hem nus­ga­lyk iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Gaz­na­nyň döredi­le­ni­ne köp wagt geçme­dik hem bol­sa dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler he­ma­ýa­ta mä­täç ça­ga­la­ryň yk­ba­ly­na, ola­ryň nurana geljeginiň üp­jün edil­me­gi­ne örän jogap­kär­li hem­-de toplumlaýyn esas­da çe­me­le­şi­lip, ýaş ne­sil ba­ra­da­ky çyn­la­kaý tagal­la­la­ryň tä­ze rö­wüş­de ýü­ze çyk­ma­sy­na öw­rül­di. Bu ugur­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän yn­san­per­wer iş­ler hal­ka­ra de­re­je­sin­de hem uly gol­da­wa my­na­syp bol­ýar. 

     Hä­zir­ki dö­wür­de ber­ka­rar Watanymyz­da ýaş­la­ryň döre­di­ji­lik ukyp­la­ry­nyň ös­me­gi üçin hem­me şert­ler dö­re­dilýär. Ýurdumyzyň äh­li se­bitle­rin­de döwrebap Me­de­ni­ýet mer­kez­le­ri, kon­sert meý­dança­la­ry, sun­gat mek­dep­le­ri bi­na edi­lip, olar­da çaga­lar baş­lan­gyç, ýö­ri­te­leş­di­ri­len bi­lim hem­-de dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik alýar­lar. Bu bi­lim we me­deni­ýet ojak­la­ryn­da ýaş ze­hin­ler ýü­ze çy­ka­ryl­ýar, gel­jek­ki artist­ler, sazan­da­lar, su­rat­keş­ler terbiýelenýär. Ýa­kyn­da paýtag­ty­myz­da «Gü­neş­li» ça­ga­lar we ýet­gin­jek­ler mer­ke­zi­niň düý­bü­niň tutulma­gy hem Wata­ny­my­zyň gel­je­gi bo­lan ýaş ne­sil ba­bat­da Türk­me­nis­tan­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li işle­riň aý­dyň güwäsi­ne öw­rül­di. To­mus pas­ly­nyň gel­megi bi­len bol­sa ýurdumy­zyň mek­dep okuw­çy­la­ry to­mus­ky dynç alyş möwsümine ga­dam bas­dy. Gü­neş­li gün­ler­de ýurdumy­zyň äh­li se­bit­le­rin­de he­re­ket ed­ýän ça­ga­lar sagaldyş-dynç alyş merkezlerin­de ça­ga­la­ryň sa­pa­ly dynç we döw­re­bap bilim­-ter­bi­ýe almak­la­ry üçin äh­li şert­ler döre­di­len­dir. 

     Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ryman Arkadagymyzyň, hor­matly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun! Il-­ýurt bäh­bit­li, umumadamzat äh­mi­ýet­li alyp bar­ýan iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra beslensin! 

 

Nepes ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.