Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ata-babalarymyzyň milli edep kadalary häzirki günlerimizde-de arassa ahlaklylygyň ýokary nusgasy bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe pederlerimiziň açyk göwünlilik, ynsanperwerlik, lebzi halallyk, rehim-şepagatlylyk ýaly asylly däpleriniň gymmaty has-da ýokarlanýar.
Döwletimiziň sarsmaz binýadyny, halkymyzyň polat ýaly mäkämligini üpjün etmegiň zerur şerti bolup durýan şu gylyk-häsiýetleri ösüp gelýän ýaşlarda terbiýelemek, körpe nesliň durmuşda öz ornuny tapmagyny gazanmak, olaryň geljegine giň ýol açmak babatda alnyp barylýan işler göwünlerimizi şatlandyrýar. Şu babatda baş maksady halkymyzyň we ýurdumyzyň abadançylygyny berkitmekden ybarat bolan hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi we aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň «Arkadag» medalyna mynasyp bolmagy biziň buýsançly başymyzy göge diredi. Çünki hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde güneşli Diýarymyzda öňe sürülýän başlangyçlaryň, durmuşa geçirilýän özgerişlikleriň her biri adamy mertebelemek, onuň kanuny bähbitlerini goramak ýaly asylly maksatlardan gözbaş alýar. Mähir-muhabbete ýugrulan şeýle hossarlyk alada, goldaw-hemaýat bolsa tutuş halkyň durmuşyna lezzet, süýjülik gatýar we ýaşaýşa, ýagty geljege bolan ynamyny artdyrýar.
Täze taryhy eýýamda adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen nusgalyk taglymatynyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň anyk subutnamasydyr.
Indi birnäçe ýyldan bäri ata Watanymyzda amala aşyrylýan tutumly işler her birimiziň guwanjymyza öwrüldi. Bedew batly ösüşler, ozal görlüp-eşidilmedik özgerişlikler, dünýäni haýrana goýýan öňegidişlikler her bir türkmen raýatyny agzybirlikde işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmäge hyjuwlandyrýar. Geljege ynam bilen garap, öňe tarap buýsançly gadam urmaga ruhlandyrýar. Hut şonuň üçin ildeşlerimiziň uludan-kiçisi galkynyşly döwrümize buýsanyp, onuň ösüş-özgerişliklerine güýjüniň ýetdiginden goşant goşmaga çalyşýar. Ynha, mukaddeslige ýugrulan şu duýgular bolsa biziň her birimiziň öňümizde uly jogapkärçiligiň, Watana yhlasly hyzmat etmegiň, wepaly bolmagyň, ony ýürekden söýmek ýaly ynsançylyk sypatlaryň kemala gelmegine itergi berýär. Çünki bize eşret-hözirini görmek bagty miýesser eden ajaýyp zamanamyz gadymyýetden gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir.
Güneşli ülkämize myhman bolup gelenler ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň we baky berkararlygynyň halkymyza eçilen bagtyna, galkynyşly döwrümizde ähli babatda gazanylýan üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere haýran galmak we guwanmak bilen syn edýärler. Häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan tutumly taslamalar ykdysady ulgamyň işini adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine laýyk geler ýaly derejede guramaga oňyn şert döredýär. Munuň özi ilatyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen durnukly ösüşiň üpjün edilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar. Ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlaryndaky akylyňy haýrana galdyryjy ösüşler bu ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylandygyna şaýatlyk edýär. Diňe bir häzirki zaman medeni-durmuş maksatly binalaryň ýa-da ýaşaýyş jaýlarynyň däl, eýsem, olaryň onlarçasyny, ýüzlerçesini özünde jemleýän obalaryň, şäherleriň gurlup, ulanylmaga berilmegi, diňe bir ýurduň ýa-da sebitiň däl, eýsem, tutuş dünýäniň abadançylygynyň bähbidini araýan giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ildeşlerimiziň ruhy galkynyşyna, watançylyk duýgusynyň çuňlaşmagyna esas bolup hyzmat edýär. Ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn ynsanlar biziň döwletimiziň sarsmaz sütünleridir. Il-ulsumyzyň ýurdumyza, Gahryman Arkadagymyza we sarpasy belent döwlet Baştutanymyza bolan çäksiz söýgüsi, uly ynamy bolsa, türkmen döwletiniň binýadynyň müdimi mizemezligini üpjün edýän baş görkezijilerdir. Biz türkmen döwletiniň binýadynyň berkemegi, ykdysady kuwwatynyň artmagy ugrunda edýän ýadawsyz aladalary üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda alyp barýan işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.
Atajan JUMADURDYÝEW,
welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.