Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
27.06.2025

Dünýä nusgalyk taglymat

 

     Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly, iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär. Hakykatdan hem ýurdumyz özüniň ýeten belent sepgitleri, şonuň ýaly-da, ähli ugurlarda bedew batly ösüşi bilen parahatçylygyň, asudalygyň, ynsanperwerligiň, gülläp ösüşiň hem-de öňegidişligiň Watanymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygyny dünýä ýüzüne subut etdi.

     Täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan içeri hem-de daşary syýasatymyzyň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek, dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatsöýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak biziň öňümizde durýan mukaddes borçlaryň biridir.

     Alyp barýan nusgalyk beýik işleri bilen ýurdumyzyň halkara abraýyny dünýä ýaýýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary elmydama rowaç bolsun!

 

Maýsa JUMAÝEWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty. 

Köneürgenç etrap RÝNÝ  bölüminiň müdiri