Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
03.07.2025

Ählumumy bähbitleri nazarlap

 

     Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistan döwletimiz geografiki taýdan amatly künjekde ýerleşmeginiň giň mümkinçiliklerini ählumumy bähbitleriň hyzmatynda goýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň oýlanyşykly başlangyçlarynyň, umumadamzat bähbitli  işleriniň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda täze taryhy eýýamda üstünlikli dowam etdirilmegi guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda, işiniň gerimini giňeltmekde, şeýle-de onuň täze mümkinçiliklerini herekete girizmekde durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn tutumlaryň netijesinde uly kuwwata eýe bolýan ulag-kommunikasiýa pudagynyň mümkinçilikleri artýar. Üstünliklere beslenýän tutumlar ata Watanymyzyň dünýä ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan ulag-kommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine mynasyp goşant goşýandygyny tassyklaýar.

     Parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruna ygrarly bolan Diýarymyzyň bu ulgamda öňe sürýän başlangyçlary, amala aşyrýan düýpli taslamalary ähli ýurtlaryň bähbitlerine, ählumumy abadançylyga, rowaçlyga gönükdirilendir. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesiniň dürli çärelerine beslenýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahaty muny ýene bir ýola dünýä ýaýar. Milli ulag ulgamyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän taslamalar dünýäniň deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerine hyzmatyň bu görnüşinden netijeli peýdalanmakda geljegi uly mümkinçilikleri açýar. Şeýle döwletleriň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösmeginde deňze çykalgasy bolan goňşy döwletleriň içerki ösüşi, üstaşyr geçirijilik mümkinçiligi we syýasy ýagdaýy möhüm ähmiýetlidir. Ýurdumyzyň bu babatdaky anyk mümkinçilikleri bolsa dünýä jemgyýetçiliginde hemişe uly gyzyklanmalary döredýär. 

 

Eziz MATDYÝEW, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş inženeriniň orunbasary,Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.