Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
03.07.2025

TÄZE TARYHY DÖWRÜŇ MEDENI GALKYNYŞY

 

     Türkmen halky müňýyllyklara uzaýan şöhratly taryhynda dünýä medeniýetine ägirt uly goşant goşan halkdyr. Täze taryhy döwürde dana pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, milli medeniýetiň ösdürilmegine örän uly ähmiýet berilýär hem-de medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. 

     Ýurdumyzyň medeniýet ulgamyndaky döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy kuwwatyny berkitmäge, aň-bilim derejesini artdyrmaga, halkymyzyň medeni-ahlak gymmatlyklaryny we ruhy bitewüligini aýawly saklamaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda Türkmenistanda milli mirasy, senetçilik we ussaçylyk däplerini, amaly-haşam sungatyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. 

     «Görogly» dessançylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, «Küşt depdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri bolsa ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun aldy. Türkmenistanyň beýleki dostlukly ýurtlar bilen bilelikde hödürlän türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri-de şol sanawa girizilen gymmatlyklaryň hataryndadyr. 

     Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli  22 — 27-nji iýun aralygynda Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçirildi. Bu hepdeligiň çäklerinde dürli mazmunly medeni çäreler, şol sanda konsertler, maslahatlar, sergiler, döredijilik duşuşyklary, şygryýet agşamlary, Ž filmleriň we sahna oýunlarynyň görkezilişi guraldy. 

     Milli medeniýeti we sungaty çuňňur öwrenmegiň, ösdürmegiň hem-de kämilleşdirmegiň, Ýer ýüzüniň halklary bilen medeni gatnaşyklary berkitmegiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarydygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän dürli medeni çäreler, halkara maslahatlar, sergidir festiwallar hem hut şu maksatlara gönükdirilendir.

 

Aýgözel KUTLYÝEWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.