Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp, olaryň ösmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Döwletimiziň depginli ösüşini artdyrmak we şol sanda durmuş ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Oňa laýyklykda ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça yzygiderli işler amala aşyryldy. Milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirildi.
Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça täze innowasion we sanly tehnologiýalar, elektron resminamalar dolanyşygy hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamy, sazlaşykly işleýän elektron senagaty ýaly tapgyrlaýyn işleri ýola goýýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimizde sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi netijesinde, ýurdumyz dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine goşulýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ýokary tizlikli ösüşi üpjün edilýär, halkymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegine we durmuşyň eşretlerini görüp ýaşamagyna ajaýyp mümkinçilikler açylýar. Adamzadyň ýaşaýşyny hakyky eşrete öwrüp bilýän güýje eýe bolan sanly ulgamyň ýurdumyz boýunça esasy ugurlary kesgitlenip, milli bilim, kanunçylyk, şähergurluşyk ulgamlary ýaly pudaklarda uly işler amala aşyryldy we amala aşyrylmagy dowam etdirilýär.
Döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýurdumyzda sanly tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilmegi bu ugurda Watanymyzyň dünýäniň öňde baryjy ýurtlarynyň hatarynda bolmagyna kepil geçýär. Şu jähtden hem hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almagy, bilimlerini we ukyp başarnyklaryny kämilleşdirmegi, döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiligine akyl ýetirmegi, sanly ulgamy özleşdirip başarmagy ugrunda uly işler alnyp barylýar. Sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda teleköpri arkaly okuwlar, ylmy bäsleşikler geçirilýär. Bular hem öz gözbaşyny «Türkmenistanda 20192025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» birinji tapgyryndan, has dogrusy, ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor mugallymlar, şeýle-de talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor maksatnama üpjünçiligi, onuň binýady, sanly bilim portallary, elektron resminamalary, elektron poçta, uzak aralykdan bilim bermek, ylmy işleri, okuw kitaplaryny, okatmagyň elektron serişdelerini ýola goýmak ýaly talaplardan alyp gaýdýar.
Hemmetaraplaýyn ösüşiň depgininiň ýokarlanmagy jemgyýetiň ylmy-tehniki kuwwatyna bagly bolup durýar. Munuň görkezijileri bolup, bu ugurda zähmet çekjek hünärmenler, işleriň maddy tehniki üpjünçiligi, maglumatlar gory ýaly meseleler çykyş edýär.
Ynsanperwer syýasaty esasynda bütin dünýäde uly şöhrata eýe bolýan eziz Diýarymyzda ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, sanly bilimi ösdürmek bilen baglanyşykly işlenip düzülen we tassyklanan döwlet maksatnamalary esasynda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny ösdürmek, ykdysadyýetdäki gurluşlaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmek, ylmy ösüşleri, ylmy-tehniki innowasiýa işlerini goldamak bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda dünýäniň ösen döwletleriniň ylmy-tehniki ösüşiniň täze gazananlaryndan ugur alnyp, döwrebap tehnologiýalardan, innowasiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak wezipelerini ýerine ýetirmekde anyk üstünlikler gazanylýar.
Sanly tehnologiýalaryň şeýle tiz ösýän, kämilleşýän döwründe adam hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara dünýä derejesinde bilim bermekde, ylym öwretmekde edýän tagallalary bimöçberdir. Goý, halkymyzyň abadan ýaşaýşy ugrunda giň gerimli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Sahyberdi JAFAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.