Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Berk hukuk binýatly döwletimizde halkymyz bagtyýar we bolelin durmuşda ýaşaýar. Adam hakynda alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan iň möhüm ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Mejlisinde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk ulgamyny pugtalandyrmak boýunça halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we milli ýörelgelere laýyk gelýän döwrebap kanun taslamalary işlenilip taýýarlanylýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň birinji maslahatynda eden çuň manyly, maksatnamalaýyn çykyşynda ýurdumyzyň raýat-hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şunda Türkmenistanyň Raýat kodeksinde halkara hususy hukugyna degişli kadalary hem beýan etmek barada beren gymmatly maslahatlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasy taýýarlanyldy. Şu ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Mejlisiniň VII çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi. Maslahatyň gün tertibine hödürlenen “Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanyny tassyklamak we herekete girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, şeýle hem, başga-da birnäçe kanun taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we biragyzdan kabul edildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda amala aşyrylýan haýyr-sahawat işiniň kämil hukuk binýadyny emele getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýany gurluş taýdan kämilleşdirilýär.
Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça durmuşa geçirýän beýik işleri, edýän tagallalary üçin Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz egsilmezdir.
Akmuhammet BEKMYRADOW. Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty