Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
18.07.2025

AWAZA: HALKARA FORUMLARYNYŇ MERKEZI

 

     Hazaryň türkmen kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we ugurdaş çäreleri guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Karara gol çekmegi we bu iri forumyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada tabşyryklary bermegi bu halkara forumyň ýokary derejede geçiriljekdigine şaýatlyk edýär. Halkara gatnaşyklarynda Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan döwletimiz ozaldan hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, sport ugurly halkara derejeli çäreleri ýokary derejede geçirmek bilen ýyllaryň dowamynda baý tejribe toplady. 

 

     2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnamanyň kabul edilmegi we bu möhüm resminama 57 sany döwletiň bilelikde awtordaş bolup çykyş etmegi, ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlaryň halkara derejede goldanylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormatlamaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanýan Bitaraplyk syýasatymyzyň ýene bir gezek dabaralanmasydyr. 

     Bu halkara maslahata deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, BMG-niň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň, birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, hususy pudagyň ýolbaşçylarynyňdyr wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

     Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysadyýet, söwda, senagat, ulag, energetika, maýa goýum, howpsuzlyk, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa bilen baglanyşykly meseleleri forumyň gün tertibine giriziler. Ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde bu döwletleriň ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, sebitara we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmek göz öňünde tutulýar. Çünki deňze göni çykalgasy bolmadyk ýurtlar söwdada, aragatnaşykda we ösüşde üstaşyr geçiriji ýurtlara garaşly bolýarlar. Bu bolsa söwda çykdajylarynyň artmagyna getirýär, harytlaryň daşalyşy möhlet taýdan gijikmelere sezewar bolýar. Deňiz kenarynyň we öz gämisiniň bolmazlygy bu ýurtlaryň söwda hem-de gümrük çykdajylarynyň artmagyny şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan, BMG-niň az ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar we ösýän kiçi ada döwletler boýunça Ýokary Wekiliniň Edarasy her on ýyldan bir gezek geçirilmegi meýilleşdirilen Hereket Maksatnamasyny taýýarlaýar. Bu kynçylyklary mümkinçiliklere öwürmek arkaly tagallalary birleşdirip ösüş gazanmak maksat edinilýär. Nobatdaky bu formatdaky halkara maslahatda garaljak meseleler 2014-nji ýylda Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde geçirilen ikinji halkara maslahatda kabul edilen hereketler maksatnamasyna ählitaraplaýyn baha bermekden, üstaşyr ýük gatnawlary hem-de halkara söwdasy babatda milli, sebit we sebitara, halkara strategiýalary kesgitlemekden, täze emele gelýän we geljekde ýüze çykyp biljek şertleri, mümkinçilikleri göz öňünde tutmak arkaly, üstaşyr gatnawlar ulgamlarynyň meselesine garamakdan, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga hem-de olaryň öňünde durýan meseleleri çözmäge bütindünýä derejesinde ygrarlylygy berkitmekden, şeýle hem 2024 — 2034-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk üçin täze çarçuwaly maksatnamany düzmekden we kabul etmekden ybarat bolar. Bu bolsa 570 milliondan gowrak ilaty bolan, dünýäniň syýasy kartasynda şeýle özboluşly ýerleşişe eýe bolan döwletleriň halklarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesine oňyn täsir eder. Halkara maslahatyň çäklerinde parlament forumy, ýaşlar forumy, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy ýaly ugurdaş maslahatlaryň geçirilmegi-de göz öňüne tutulýar. 

     BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän parlament forumyna häzirki wagtda Türkmenistanyň Mejlisinde hem ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, milli parlamentde geçen 2024-nji ýylda «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» we «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin halkara seljerme merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle Kanunlaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň ulag we söwda ulgamynda uly öňegidişlikleri gazanmagyna itergi berýär. 

     Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahaty geçirilipdi. Şonda hormatly Prezidentimiz deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň global ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ornuny ýokarlandyrmak bilen baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyny işläp taýýarlamak babatda möhüm başlangyçlary öňe sürüpdi. 

     Ýeri gelende, www.lldc3.gov.tm saýtynyň hem hereket edýändigini okyjylara ýatlatsak ýerlikli bolar. Bu ýerde ýurdumyz barada we BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahat dogrusynda türkmen, iňlis we rus dillerinde giňişleýin tanyşmak mümkin. Ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

 

 Orazgeldi SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty