Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
17.07.2025

MAHMAL SYÝASATYŇ ÝALKYMY

 

     Toýlary toýlara ulaşýan agzybir halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlaýar.

 

     Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama 3-nji gezek biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň yzygiderli kabul edilmegi türkmen Bitaraplygynyň hukuk ýagdaýynyň barha berkeýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

     Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýip aýratyn nygtap geçýär. Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty uly üstünlikler bilen dabaralanýar. Türkmenistanyň konstitusion gurluşynda hemişelik Bitaraplyk döwlet syýasatynyň esasy özeni bolup durýar. 

     Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhyna ser salsak, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Kararnamany kabul etdi. Şunuň bilen baglylykda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edilip, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. 

     Hemişelik Bitaraplyk Esasy Kanunymyzdan başlap, ähli milli kanunçylygymyzyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ol döwletimiziň mukaddes nyşanlarynda mynasyp ornuny tapýar. Türkmenistan dünýäde hemişelik Bitaraplygyny kanun esasynda berkiden ilkinji döwletdir. Dünýäde syýasy çylşyrymlylygyň artýan döwründe BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň Aşgabatda açylmagy, ýene-de parahatçylyk merkezini döretmek baradaky teklipler, halkara giňişlikde gyzgyn goldaw tapýar. Bularyň ählisi hut şu türkmen topragynda başlanýan başlangyçlaryň halkara syýasatda giň gerime eýe bolýandygyny görkezýär. 

     Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 156 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary alyp barýar. Şeýle hem, dünýäniň 50-den gowrak abraýly, halkara guramalarynyň agzasy bolup durýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan şu günki günde dünýä döwletleri bilen ylym-bilim, medeniýet, ýangyç-energetika, ulag-logistika, lukmançylyk, ekologiýa, senagat diplomatiýasynyň dürli ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. 

    Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzda dürli ugurlara degişli halkara maslahatlar, forumlar, Parlamentara duşuşyklar geçirilýär. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji maslahaty geçiriler. Maslahatyň çäklerinde Zenanlar, Ýaşlar forumynyň hem geçirilmegi göz öňüne tutulýar. Häzirki wagtda bu uly halkara maslahata guramaçylykly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle uly ähmiýetli halkara maslahatyň geçirilmegi ata Watanymyzda ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, birnäçe halkara ylalaşyklary gazanmaga giň ýol açýar. 

     Goý, ýurdumyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli döwletli tutumlary elmydama rowaç, halkymyz agzybir hem bagtyýar bolsun! 

 

Jeren GYLYÇMYRADOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.