Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
19.07.2025

Ählumumy tagallalary birleşdirip

 

     Täze taryhy döwürde geçirilýän hal­ka­ra we se­bit äh­mi­ýet­li du­şu­şyklar­dyr mas­la­hat­lar Türk­me­nis­ta­nyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bi­len gat­na­şyk­la­ry­ny maz­mun taý­dan has-da baý­laş­dyr­ýar. Şu jä­het­den, Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň 4-8-nji aw­gus­ty ara­ly­gyn­da «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar bo­ýun­ça üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi mö­hüm ähmiýe­te eýe­dir. Mu­nuň özi hoş­ni­ýet­li­lik, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň aý­dyň be­ýa­ny­dyr.

 

     Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksady bilen, Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Hazaryň türkmen kenarynda meýilleşdirilen bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşmagy möhüm ähmiýete eýe boldy. 

     Maslahat bilen ugurdaşlykda birnäçe çäreleriň hem geçirilmegi meýilleşdirilýär. Geçiriljek bu çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry, hususan-da, halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini; ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany); ýokary derejedäki 7 sany forumy, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny, arabaglanyşyk boýunça çäräni, şeýle-de maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreleri, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş çärelerini; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljek binalarynda guraljak tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergilerini; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini; Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maslahata gatnaşyjylaryň hormatyna guraljak resmi nahary öz içine alýar. 

      Milli Liderimiziň öwüt-ündewlerinden, gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, häzirki wagtda bu maslahatyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýokary derejede taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunda halkara foruma, onuň bilen bagly ugurdaşlykda guraljak çärelere ýurdumyzyň ýaşlarynyň hem işjeň çekilýändigini buýsançly bellemek gerek. Ýokary okuw mekdepleriniň birnäçe daşary ýurt dillerini bilýän talyplaryndan meýletinçileriň taýýarlanylmagy munuň aýdyň beýanydyr. Milli Liderimiziň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolmagynyň çäklerinde halkara çärelere gatnaşjak meýletinçiler üçin niýetlenen lybaslary synlap, olara birnäçe belliklerini aýtmagy hem-de lybaslaryň has-da kämilleşdirilmelidigine ünsi çekmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi ýaş nesillere döwletimiziň halkara at-abraýynyň has-da belende galmagynyň bähbidine döredijilikli, ak ýürekden zähmet çekjekdiklerine berk ynam bildirilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Bu hakykatyň maslahat bilen ugurdaşlykda geçiriljek ýaşlar forumynda hem öz beýanyny tapjakdygyny ynamly aýdyp bolar.

     Mälim bolşy ýaly, belent ruhly, hemmetaraplaýyn bilimli, aň we beden taýdan kämil, watansöýüji ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň strategik wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda bolsa, döwlet dolandyryşynda ýaşlaryň eýeleýän orny barha ýokarlandyrylýar, bu babatda halkara hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirilýär. Şeýlelikde, BMG-niň howandarlygynda geçiriljek ýokary derejeli maslahatyň çäklerinde ýaşlar forumynyň hem meýilleşdirilmegi häzirki döwrüň wajyp meseleleri boýunça köptaraply halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde giň gözýetimli, başarnykly, täze dünýägaraýyşly ýaşlara uly orun degişlidigini, türkmen ýaşlarynyň dünýä çykýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezer. 

     Goý, dünýäde ählumumy abadançylygyň hatyrasyna parasatly başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Nepes ROZYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy, Mejlisiň deputaty.