Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty ählumumy meseleleri bilelikde çözmekde taryhy ähmiýetli waka bolar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi berkarar döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň hem-de bitaraplyk taglymatynyň bütin dünýäde dabaralanýandygynyň nobatdaky güwäsidir.
Ýakynda Gahryman Arkadagymyz BMG-niň bu wekilçilikli maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksady bilen, Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Milli Liderimiz halkara forumda çykyş etjekler, terjimeçiler hem-de onuň geçişini beýan etjek žurnalistler üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini Gahryman Arkadagymyzyň meýletinçi-ýardamçylaryň alyp barjak möhüm ähmiýetli işleri babatda gymmatly maslahatlaryny, öwüt-ündewlerini bermegi hem-de öňde goýan anyk we aýdyň wezipeleri biziň her birimizi has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrdy. Munuň özi forumda garaljak meseleleriň we kabul ediljek çözgütleriň ähmiýetini dünýä ýaýmakda wajypdyr.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň has-da ilerledilmegi ugrunda Awazada geçiriljek maslahat mümkinçilikleriň we täze başlangyçlaryň netijeli meýdançasy bolup hyzmat eder. Maslahat bilen ugurdaş ýaýbaňlandyryljak Merkezi Aziýa döwletleriniň medeni çäreleri, parlamentara, ýaşlar, zenanlar forumlary we beýleki çäreler hyzmatdaşlygyň, ynanyşmagyň binýadyny has-da berkider. «Inklýuziw ösüş üçin ýaşlaryň hukuklaryny artdyrmak we mümkinçiliklerini giňeltmek: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geljegi üçin köpri gurmak» ady bilen geçiriljek Ýaşlar forumy bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek bilen bir hatarda, halkara ýaşlar dialogyny dabaralandyrmakda hem uly ähmiýete eýe bolar.
Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki oňyn başlangyçlary işläp taýýarlamakda, döwletara hyzmatdaşlygy, dost-doganlygy berkitmekde, ýaşlar syýasaty çygrynda ykdysady, ynsanperwer, medeni gatnaşyklary giňeltmekde hem-de durmuşa geçirmekde, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna, dünýäde parahatçylygyň üpjün edilmegine itergi bermekde ýaşlaryň intellektual mümkinçilikleridir pikir-garaýyşlaryna uly ähmiýet berilmegi ýöne ýere däl. Dünýä ilatynyň agramly böleginiň ýaşlardygy sebäpli häzirki wagtda olar ählumumy ösüşiň hereketlendiriji güýji hasaplanýar.
Ýaşlar BMG-niň ählumumy Gün tertibi boýunça möhüm halkara meselelere we wajyp wezipelere işjeň seslenýärler. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin Bitarap Türkmenistan döwletimiz tarapyndan ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. BMG-niň wekilçilikli maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi sözümiziň aýdyň delilidir. Bu forum diňe deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň arasyndaky dialog meýdançasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, üstaşyr geçelgeleri bolan ösüp barýan ýurtlaryň ýaşlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde, özara tejribe, pikir alyşmakda hem esasy meýdança öwrüler.
Ýaşlar forumy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça ýaşlaryň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň maksatlaryna laýyk gelýän täze Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün eder. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ilatynyň 58 göterimi 25 ýaşa çenli ýaşdaky ýaşlar bolup, olar ägirt uly intellektual mümkinçiliklere we innowasion serişdelere eýedir. Bu ýurtlaryň ilat sany indiki onýyllygyň ahyryna çenli 140 milliona çenli artar diýlip çaklanylýar. Netijede, dünýä döwletleriniň ykdysady-jemgyýetçilik ösüşi ýaşlaryň demografik güýji we döredijilik kuwwaty bilen berk baglanyşyklydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk işleriniň çäklerinde halkara guramalaryň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler we Bilim ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň wekillerinden ybarat bolan maslahat topary döredildi we bu ugurda birnäçe duşuşyk geçirildi. Olarda Ýaşlar forumy baradaky Maksatnamanyň hem-de Ýaşlar Jarnamasynyň taslamalary taýýarlanyp, degişli teklipler berildi.
BMG-niň agza döwletleriniň, guramalarynyň ýokary derejeli işgärlerini, şol sanda Ýaşlar maslahat beriş toparynyň agzalaryny, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ýaş wekillerini, türkmenistanly ýaşlaryň 100-e golaýyny bir ýere jemlejek Ýaşlar forumy innowasion pikirleri ösdürmek, durnukly ösüşi gazanmak hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň hereketleriniň indiki 10 ýyllyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin zerur bolan ösüşi üpjün etmek babatda uly ähmiýete eýedir. Forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň geljegi bilen bagly garaýyşlaryny we goşantlaryny beýan etmegi üçin ýaşlara uly mümkinçilik döreder.
Ýaşlar syýasatyny halkara derejede ýaýbaňlandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 -2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» tassyklanylmagy, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde ýaşlar hyzmatdaşlygyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Soňky ýyllarda Arkadag şäherindäki Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Dialog -parahatçylygyň kepili» atly halkara ýaşlar forumynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halklaryň dostlugy — ýaşlaryň bagtyýar geljeginiň kepili» atly ýaşlaryň halkara maslahatynyň, Mary şäherinde «Beýik Ýüpek ýolunyň täze eýýamy» atly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň forumynyň geçirilmegi, şeýle-de Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisiniň çäginde nobatdaky «Howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelerde ýaşlaryň işjeňligini gazanmak» atly 13-nji ýaşlar forumyna ilkinji gezek ýurdumyzyň ýaşlarynyň gatnaşmagy ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Türkmen ýaşlary Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işlere mundan beýläk-de işjeň gatnaşmagy özlerine uly bagt we borç hasaplaýarlar. Çünki ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň daýanjydyr.
Ýazpolat KERIÝEW. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.