Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji güni ýurdumyzyň egsilmez kuwwaty bolan ýaş nesliň durmuşynda sözüň doly manysynda taryhy wakalara beslendi. Şol wakalaryň Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermeginde birnäçe bilim edaralarynyň açylyp ulanmaga berilmeginiň hem-de düýbüniň tutulmagynyň, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlary bilen umumy sapak geçmeginiň taryhy ähmiýeti, ilkinji nobatda, olaryň gönüden-göni ýaşlaryň bagtyýar geljegi bilen berk baglanyşykda bolmagynda jemlenýär. Gahryman Arkadagymyz bolsa: «Bagtyýar ýaşlar bilen biziň halkymyz bagtlydyr! Bagtyýar ýaşlar bilen Watanymyz bagtlydyr! Bagtyýar ýaşlar bilen döwrümiz hem dünýämiz bagtlydyr!» diýip, aýratyn nygtaýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň dünýä dolan şan-şöhratyny, abraý-mertebesini belende göterýän, pederlerimiziň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýaly ahlak gymmatlyklaryny, asylly milli häsiýetlerini, halal zähmete hormat goýmak ýörelgelerini ykbal bezegine öwren ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzyň ýaşlar syýasatynda kesgitlenen esasy maksatlardyr.
Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren umumy sapagynyň ylymly, bilimli, ruhy we beden taýdan sagdyn, giň gözýetimli, dürli hünärlerden, döwrebap tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde düýpli itergi berjekdigini buýsanç bilen nygtap bileris. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň geçiren umumy sapagy ata Watanymyzyň şöhratly taryhyna, mukaddes Garaşsyzlygymyza, baky Bitaraplygymyza, özboluşly däp-dessurlarymyza, kämil ahlak gymmatlyklarymyza, ynsanperwer ýörelgelerimize, bagtyýar ýaşlaryň öňünde durýan perzentlik wezipe borçlaryna degişli çuňňur mazmuna hem-de akyl-paýhasa ýugrulan pikirlerdir pent-ündewlere baýlygy bilen haýran galdyrýar.
Munuň özi ýaş nesli halkymyzyň asyrlaryň kämillik mekdebini geçen milli ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde alnyp barylýan köp taraply tutumlaryň gerimini giňeldip, mazmun baýlygyny artdyrar, netijeliligini has-da ýokarlandyrar. Milli Liderimiziň umumy sapakdaky atalyk nesihatlarynyň, ündew-sargytlarynyň ýaşlarymyz bilen gönüden-göni iş alyp barýan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy üçin bagtyýar nesilleriň terbiýesinde ýol görkeziji şamçyraga öwrüljekdigi hakykatdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda: «Döwletimiziň Garaşsyzlygynyň we berkararlygynyň esaslaryny berkidýän, durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýän, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga ýardam berýän üstünliklerimizde jemgyýetimiziň ähli ýaşdaky wekilleriniň, aýratynda, ýaşlarymyzyň hyzmaty örän uludyr» diýip, aýratyn buýsanç bilen belläp geçdi. Hut şonuň üçin hem Milli Liderimiziň umumy sapagynyň älem ýaly giň we umman ýaly çuň many-mazmuny ýurdumyzyň ýaş nesliniň ruhubelentligini täze derejelere göterdi. Şeýle ruhubelentligi bu taryhy waka bilen baglanyşykly biri-birine ulaşýan dabaraly, buýsançly çärelerde doly görmek bolýar.
Gözel paýtagtymyzdaky Mekan köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadagly Serdarymyzyň ak pata bermeginde birnäçe bilim edaralarynyň açylyp ulanmaga berilmegini we düýbüniň tutulmagyna, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýaşlary bilen geçiren umumy sapagyna bagyşlanyp, «Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen at bilen geçiren dabaraly maslahaty şeýle çäreleriň biri boldy. Onda ýurduň geljegine deňelýän bagtyýar ýaşlarymyzyň ýüreginde kalbynda möwç urýan buýsanç duýgulary ýene bir ýola aýdyň ýüze çykdy.
Biz - ýaşlara şeýle uly ynam bildirip, döwlet derejesinde ähli mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir! Milli Liderimiziň: «Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen, öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen sözleri biz - ýaşlaryň baş şygarymyzdyr!
Guwanç ÇENDIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy,
Mejlisiň deputaty