Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygy meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň yzygiderli geçirilýän ýeri hökmünde dünýäniň nazaryny özüne çekýär. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty hem diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, tutuş dünýä halklarynyň durmuşynda wajyp waka bolup taryhdan orun alar.
Hormatly Prezidentimiziň forumyň çäklerinde dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşyklarynda hem halkymyzyň ynsanperwerligi, dostanalygy ýörelge edinen halkly ýurtda guralan şeýle iri forumyň rowaçlyklara beslenjekdigine ynam bildirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dostlukly Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanylmagy hem dost sarpasynyň nobatdaky äşgärnamasyna öwrüldi.
BMGniň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde GünortaGünorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygynda umumy meseleleri çözmek üçin özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we tejribe alyşmaga ygrarlydyklaryny tassyklap, infrastrukturany, söwda gatnaşyklaryny we durnukly ykdysady nusgalary ösdürmekde bilelikdäki tagallalaryň möhüm ähmiýeti nygtaldy. BMGniň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde birnäçe ugurdaş çäreler geçirildi. “Halkara ulag geçelgelerinde resminamalaryň dolanyşygyny sanly ulgama geçirmek”, «Oba hojalygynyň haryt pudagyny yzygiderli özgertmek üçin döwlethususy maýa goýum modeli», “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň mümkinçiliklerini giňeltmek: durnukly geljek üçin bilelikdäki çözgütler”, “Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasy we 2024 — 2034nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi”, “Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň özgerişi üçin ýaş startap başlangyçlary”, “Buzluklaryň eremegi we beýleki meseleler: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere täsir edýän howa meseleleriniň derňewi”, “Betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we durnuklylyk: Hereketleriň Kigali maksatnamasynyň möhüm ähmiýeti” atly maslahatlarda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmegiň möhüm ähmiýetine üns çekildi.
Sebitleýin oba hojalyk barlag merkezleri, infrastrukturalar, ýer we suw serişdeleri hemde söwda ugurlary bilen baglanyşykly maslahatlarda hem DÇBÖBDiň durnukly ösüşini we azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakdaky möhüm meseleler babatda pikir alşyldy. Täze tehnologiýalara bagyşlanan çärede sanly we beýleki häzirki zaman tehnologiýalaryň bu ýurtlaryň geografiki çäklendirmelerini ýeňip geçmek, dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagyny ýeňilleşdirmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini çaltlandyrmak üçin möhüm gural bolup durýandygy bellenildi. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň geljek on ýylda durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmegine gönükdirilen Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak bolsa dürli ugurlarda geçirilen mejlisleriň özenini düzdi. Garaşsyz Diýarymyzy umumadamzat bähbitli çözgütleriň kabul edilýän mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyslary nazarlaýan beýik tutumlary hemişe rowaç bolsun!
Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.