Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
19.08.2025

BMG-niň AWAZA FORUMY: PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYKDA TÄZE TAPGYR

 

     Dün­ýä­niň ­geoyk­dy­sa­dy ­gur­şa­wy­ny ­de­ňag­ram­ly­laş­dyr­mak­da­ mö­hüm­ äh­mi­ýe­te ­eýe bo­lan­ BMG-niň­ Deň­ze­ çykal­ga­sy­ bolmadyk­ ösüp­ bar­ýan­ döwletler­ bo­ýun­ça­ üçün­ji mas­la­ha­ty­nyň 80­ ýyl­lyk ­ta­ry­ha­ eýe ­Mil­let­ler ­Bi­le­le­şi­gi ­ta­ra­pyn­dan ­üç­ ge­zek ykrar ­edi­len he­mi­şe­lik ­Bi­ta­rap­lyk ­hu­kuk­ de­re­je­si­niň­ 30­ ýyllygyny­ bel­le­ýän ­ýur­du­myz­da ­gu­ral­magy­ türk­men ­hal­ky­nyň Mil­li­ Li­de­ri ta­ra­pyn­dan­ ba­şy ­baş­la­nyp, ­hä­zir­ki­ wagt­da­ hor­mat­ly Prezidentimi­ziň ­baş­tu­tan­ly­gyn­da ­al­nyp ­ba­ryl­ýan­ daşary syýasatyň üs­tün­lik­li­ dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň­ no­bat­da­ky­ aý­dyň ­gü­wä­si­ bol­dy.­ Dur­nuk­ly­ ösü­şiň­ bäh­bi­di­ne­ hal­ka­ra hyzmatdaşlygy­ ös­dür­mä­ge,­ hem­me­ler­ üçin­ ada­lat­ly­ we­ aba­dan gel­je­gi­ gur­ma­ga­ gönük­di­ri­len­ bu­ iri­ we­kil­çi­lik­li­ hal­ka­ra­ çä­rä­niň­ çä­gin­dä­ki­ Par­la­ment­ fo­ru­my­ hem­ deň­ze çy­kal­ga­sy­ bolmadyk ösüp­ bar­ýan­ döwletleriň­ öňün­de­ dö­re­ýän­ me­se­le­le­re­ jogap tapma­ga,­ ola­ryň­ ösü­şi­ üçin­ ugur­la­ry­ ag­tar­ma­ga­ we­ dün­ýä­ ykdysa­dy­ýe­ti­ne­ go­şu­lyş­ma­gy üçin­ hal­ka­ra­ bi­le­le­şi­giň­ tagallalary­ny­ iş­jeň­leş­dir­mek­de­ ka­nun­ çy­ka­ry­jy­ dü­züm­le­riň­ giň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne­ göz­ aý­la­ma­ga­ uly­ müm­kin­çi­lik­le­ri­ dö­ret­di.­ 

 

     Mil­let­ler Bileleşiginiň Az derejede ösen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasynyň Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde guramagynda geçirilen Parlament forumy gatnaşyjy ýurtlaryň milli parlamentarizminiň taryhynda ösüşiň täze tapgyryna ýene bir ynamly ädime öwrüldi. Maslahata gatnaşyjy döwletleriň parlament wekilleri bilen bir hatarda, oňa Parlamentara Bileleşigiň we Arkalaşygyň Parlament birleşiginiň wekilleri hem-de beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň-da gatnaşmagy çäräniň geriminiň örän giňdigine ýene-de bir mysaldyr. Forumyň hut «Ugry kesgitlemek: Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerletmek» diýlip atlandyrylmagy BMG-niň bu gezekki maslahatynyň çäginde parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge nähili derejede uly ähmiýet berlendigini görkezýär.

     Parlament forumy öz işini 4 ugur boýunça, ýagny «Wenadan Awaza: çözülmedik meseleler, toplanan tejribeler we täze mümkinçilikler», «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraplaýyn söwda ulgamyny döretmek hem-de pugtalandyrmak», «Parahatçylygy, ynanyşmagy we jogapkärli dolandyryşy pugtalandyrmak: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüşiň şertleri», «Parlament wekilleriniň ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen, hereketleriň meýilnamasy boýunça gyzyklanma bildirýän taraplaryň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy» atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. Görnüşi ýaly, olaryň her biri aýratyn bir ugra — foruma gatnaşyjy ýurtlaryň umumy ýüzbe-ýüz bolýan we bilelikdäki hereketleri birleşdirmezden çözülmegi mümkin bolmadyk meselelere bagyşlanýar. 

     Parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça öňe sürlen pikir-garaýyşlaryň, gazanylan ylalaşyklaryň, kabul edilen çözgütleriň, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gepleşikleriň jemini geçirilen giň wekilçilikli çäräniň binýatlaýyn esaslarynyň biri hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Parlament forumy BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça ählumumy Gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde dünýä ýurtlarynyň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda barha ösýän hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi. Hususan-da, onuň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy berkitmegiň, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýändigi öz beýanyny tapdy. Bu Gahryman Arkadagymyzyň: «Türkmenistanyň öňe sürýän parlament diplomatiýasy häzirki wagtda parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň netijeli guraly bolmalydyr» diýen parasatly sözleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. 

     Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-siniň kanun çykaryjy edaralarynyň gurluşy, iş usullary, ýörelgeleri bilen giňden tanyşmakda-da forum aýratyn ähmiýetli boldy. Şeýle hem onda gürrüňi edilýän ýurtlaryň söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, sanly tehnologiýalar we beýleki ugurlarda ösüşiniň täze tapgyryna badalga bermekde iň esasy hem-de ilkinji ädimiň kanun çykaryjy, halk häkimiýeti edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmakdan, kämilleşdirmekden, umumylaşdyrmakdan başlanýandygyna üns çekildi. Şonuň ýaly-da çäräniň häsiýetli aýratynlyklaryna milli parlamentleriň alyp barýan işini hil taýdan täze derejä çykarmaga, kanun çykaryjylygyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek bilen bir hatarda döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy berkitmäge, özara düşünişmäge, dürli milletden bolan adamlaryň arasynda deň hukuklylyga hem-de hormata esaslanýan dialogy ýola goýmaga, medeniýetleriň arasynda aragatnaşyk köprülerini gurmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilmegi bilen baglanyşykly pikir-garaýyşlaryň çygrynda has aýdyň göz ýetirmek mümkin. Hususan-da, bu häzirki döwürde halkara jemgyýetçiligiň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň ählumumy dialogyň gurallarynyň täzelenilmegini talap edýändigi bilen düşündirilýär. Şunuň bilen baglylykda, dürli formatlarda parlament alyşmalaryny ilerletmek, parlamentarileriň netijeli başlangyçlaryny goldamak boýunça hem täze teklipleriň beýan edilmegi ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmekde, hususan-da, durnukly ösüşi üpjün etmekde we beýleki ugurlarda Birleşen Milletler Guramasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde milli parlamentleriň ornunyň ýokarlandyrylmagynyň möhümdigini aňladýar. Şu babatdaky pikir-garaýyşlaryň BMG-niň Awaza maslahatynyň çägindäki Parlament forumynda öz beýanyny tapmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. 

     Parlament forumynyň ähmiýetini, esasanda, dürli ýurtlaryň kanun çykaryjylaryna öz tejribelerini paýlaşmaga, öňdebaryjy tejribelerden ugur almaga we kanun çykaryjylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge oňyn şertleri döredendigi bilen has aýdyň ýüze çykarmak mümkin. Bu parlamentara meýdançanyň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň logistika, gümrük, ulag, energetika ýa-da söwda bilen baglanyşykly kanunlary nähili düzendikleri barada pikir we tejribe alyşmakda peýdaly bolandygy düşnüklidir. Sebäbi her döwletiň milli bähbitleriniň bardygyny, şol bir wagtda olaryň köpdürlüligini nazara alsak, onda birnäçe döwletleriň arasynda işleri sazlaşdyrmagyň örän çylşyrymly mesele bolup durýandygyna göz ýetirmek bolýar. Muňa oňyn çözgütleri tapmakda hut halk häkimiýetiniň wekilçilikli edaralary, aýratynam, parlament institutlary giň mümkinçiliklere eýedir. Bu babatda barha bat alyp, giň gerime eýe bolýan özgertmeleri hukuk taýdan üpjün etmegi parlamentiň iňňän möhüm wezipesi hasap etmek bilen, kanun çykaryjy we ýerine ýetiriji häkimiýetleriň döwlet gurluşynyň wezipelerini bilelikde, mäkäm ysnyşyklylykda çözmäge borçludygy öňe sürlen garaýyşlaryň biri boldy. Munuň üçin diňe tagallalary birleşdirip, sazlaşykly hereket edilende, hakyky netijeleri gazanyp boljakdygy öz-özünden düşnüklidir. Şunda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň jemleriniň bu babatda öňde goýlan maksatlara ýetmekde hereketlendiriji güýje öwrülendigini anyk aýdyp bileris. 

     2024 — 2034-nji ýyllar üçin deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça Hereketleriň Awaza maksatnamasynda Parlamentara forumyň netijelerine-de aýratyn orun berildi. Ýagny 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň aýrylmaz bölegi hökmünde geljekki onýyllykda deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerde durnukly ösüşi gazanmakda parlament özgertmeleriniň hem möhüm ähmiýeti beýan edildi. Şonuň üçin-de, Parlament forumynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahatynyň çäginde ilkinji gezek geçirilýändigine garamazdan, iň netijeli çäreleriň biri hökmünde maslahatyň many-mazmunyny baýlaşdyrmakda örän täsirli meýdança bolandygyny nygtamak zerur. 

     Forumyň jemleri Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna Parlament ýüzlenmesinde öz beýanyny tapdy. Onda kanun çykaryjy edaralaryň öz wezipelerini ýerine ýetirmekleri üçin olara tehniki we maliýe ýardamlaryny, şol sanda degişli halkara guramalar tarapyndan institusional maslahatlaryň, gözükdirmeleriň hem-de mümkinçilikleri artdyrmak üçin serişdeleri işjeňleşdirmek babatda ýardamlaryň berilmegini üpjün etmek göz öňünde tutuldy. Bu resminama Hereketleriň Awaza maksatnamasy babatda işleriň durmuşa geçirilişine parlamentleriň gözegçilik etmäge, degişli kanunlary kabul etmäge we hiç kimiň çetde galmazlygyny üpjün etmäge mümkinçiligini artdyrmaga hukuklarynyň göz öňünde tutulmagyna ýardam etdi. Şeýlelikde, parlamentara dialogyň Awaza formaty durnukly we inklýuziw ösüşi tizleşdirmäge, sanly söwdany işjeňleşdirmäge, parlamentlerde zenanlaryň wekilçiligini artdyrmaga hem-de ýaşlar, raýat jemgyýeti, hususy pudak bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berýän netijeli mehanizmleri özünde jemledi. 

 

Hatyja MUSTAKOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.