Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
16.08.2025

SÖWDA ULGAMYNDAKY INNOWASION ÇEMELEŞMELER

 

     «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda kabul edilen çözgütler, paýlaşylan tejribeler, öňde goýlan wezipeler dünýä hojalyk gatnaşyklarynda ornuny berkitmäge hem-de raýatlary üçin abadan durmuşy üpjün etmäge ymtylýan ýurtlar üçin möhüm ähmiýete eýedir. Forumyň çäklerinde dürli ýurtlaryň, abraýly halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, bilermenleriň we işewür toparlaryň gatnaşmagynda geçirilen çäreleriň aglaba bölegi ykdysady ösüş hem-de durmuş abadançylygy mowzugyna bagyşlandy. 

     Dürli mowzuklar boýunça geçirilen ýokary derejeli «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler özara tejribeleri alyşmakda netijeli meýdança öwrüldi. Şeýle görnüşde geçirilen çäreleriň biri söwdanyň özgerýän kuwwatyndan peýdalanmak, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek hem-de durnukly ösüşiň möhüm şerti hökmünde sebitleýin ýakynlaşmak meselelerine bagyşlandy. Söhbetdeşlikde, esasan, söwda mümkinçiliklerini giňeltmäge, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, infrastrukturany gowulandyrmaga we bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn strategiýalarydyr maslahatlary işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

     «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlige gatnaşyjylar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ösüşi bilen bagly möhüm meseleleriň hatarynda gümrük işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, elektron söwda platformalarynyň ösdürilmegi we innowasion logistiki çözgütleriň kabul edilmegi ýaly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar. Bularyň ählisi söwda amallaryny ep-esli ýeňilleşdirmäge hem-de daşary ykdysady işiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Elektron söwda platformalary bolsa içerki we daşarky bazarda hem önüm öndürijiler, sarp edijiler üçin uly ýeňillikleri hödürleýär. Sarp edijiler sanly platformalaryň kömegi arkaly özlerini gyzyklandyrýan harytlary sargyt edip bilýär. Önüm öndürijilere bolsa sanly platformalar müşderilere harytlaryny tanatmaga, gönümel aragatnaşygy ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Innowasion logistik çözgütler harytlaryň sargyt edijilere çalt hem-de ygtybarly ýetirilmeginde möhüm gural bolup hyzmat edýär.

     Şeýle hem bu çärede deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň söwda mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin netijeli gural hökmünde sebitde ýakynlaşmagyň orny ara alnyp maslahatlaşmalaryň möhüm meseleleriniň biri boldy. Islendik sebitiň döwletleriniň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň netijeli ýola goýulmagy oňyn netijelerini berýär. Halkara forumda köptaraply söwda ulgamy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratynlyklaryny we isleglerini nazara almak bilen, halkara söwda kadalaryny uýgunlaşdyrmagyň zerurlygyna üns çekildi. 

     «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşligiň dowamynda söwdany giňeltmek babatda durnukly ösüş we daşky gurşawy goramak meselelerine hem garaldy. Şunuň bilen baglylykda, ulag we söwda amallarynyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga mümkinçilik berýän ekologiýa taýdan howpsuz tehnologiýalary we tejribeleri ornaşdyrmagyň zerurdygyna üns çekildi. Çünki häzirki zaman dünýäsinde ykdysady ösüş we daşky gurşawyň abadançylygy bir-biri bilen berk baglanyşykly ugurlardyr. Bu gün önümçilik işi tebigata zyýan ýetirýän däl-de, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmaga gönükdirilýär. Awaza forumynda gazanylan netijeler bütin dünýäde söwda we sebitleýin hyzmatdaşlyk ulgamynda täze mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam edýän geljekki hereketler we strategiýalar üçin esas bolup hyzmat edip biler. 

 

Serdar ARAZOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.