Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistanyň parlamentara gatnaşyklary deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda tejribe alyşmaga, döwrüň ýüze çykarýan meselelerine görä zerurlyk dörände maslahatlaşmalary guramaga, özara kabul ederlikli çözgütleri tapmaga, kanunçylyk namalaryny durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilendir. Parlamentara gatnaşyklaryň netijesinde parlament işiniň guralyşy, kanunçykaryjylyk tejribesi, parlamentarileriň iş usullary öwrenilýär.
4-nji awgustda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça (DÇBÖBD) üçünji maslahatynyň çäginde Parlament forumy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Forumda nygtalyşy ýaly, döwleti dolandyrmagyň çäklerinde parlamentler söwdany, infrastrukturany, innowasiýalary ösdürmäge, şeýle hem sebit integrasiýasyny we arabaglanyşygy giňeltmäge ýardam berýän hukuk binýadyny döredýärler. Olar syýasat we býujet işlerinden başga-da, döwlet bilen raýatlaryň arasynda köpri bolup hyzmat edýärler. Şeýle hyzmatdaşlykdan gelip çykýan hukuk gatnaşyklaryna we kadalara taraplaryň ygrarlylygy, durnuklylygy hem-de özara ynanyşmak ýagdaýy ykdysady, ylmy-tehniki, medeni we beýleki ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga ýardam bermek bilen birlikde, bu ugurda ygtybarly binýady emele getirýär.
Halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlament diplomatiýasyna uly orun degişli. Ol halkara giňişlikde parahatçylygy berkitmek işine goşant goşmaga, dünýäniň syýasy gün tertibine oňyn täsirini ýetirmäge, ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, BMG-niň Tertipnamasynyň düzgünleriniň, esasy halkara ylalaşyklaryň we konwensiýalaryň hukuk ulanyş tejribesiniň maksadalaýyk gurnalmagyna ýardam edýär. Şeýle hyzmatdaşlyklaryň hatarynda BMG-niň Awaza maslahatynda parlament agzalary üçin guralan forumda wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralaryň özara tejribe alyşmaklary parlament diplomatiýasynyň işjeňligini hil taýdan täze derejä çykardy. Forumda öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde strategik häsiýetli maksatlar öňe sürüldi.
Gürrüňi edilýän parlament forumynyň ähmiýeti we maksady barada aýratyn durup geçmek zerur. BMG-niň az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýeti Awaza maslahatynda parlamentariler üçin bir günlük forum gurady. Bu forum ähli gyzyklanýan taraplaryň, şol sanda Parlamentara Birleşigiň (IPU) we GDA-nyň Parlament Assambleýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.
Aslynda, ähli kanuny gatnaşyklarda parlamentler hukuk çäklerini kesgitleýän ählumumy ülňüleri, talaplary hem-de syýasy mehanizmler arkaly hukuk namalaryny işläp düzmek wezipelerini ýerine ýetirýärler. Hut şu maslahatda-da gatnaşyjy döwletleriň söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, olaryň infrastrukturalaryny ösdürmek bilen bagly ugurdaş maksatlaryň, bu babatda ýüze çykýan gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny kesgitlemegiň maksadalaýykdygy beýan edildi.
Şu ýerde parlament diplomatiýasynyň taryhy ähmiýeti we onuň häzirki döwürde hem öz işini üstünlikli dowam etdirýändigi babatda mysallara ýüzlensek ýerlikli bolar. 2022-nji ýylyň 12-nji maýynda Aşgabatda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumy parlamentarileriň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda hem-de ony täze mazmun bilen baýlaşdyrmakda hereketlendiriji güýje öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, şol döwürden başlap «Merkezi Aziýa+» görnüşinde birnäçe parlamentara duşuşyklar geçirildi. Bu forumy geçirmek başlangyjynyň Gahryman Arkadagymyza degişlidigini hem nygtan ýagşy. Hut şol forumda parlamentara hyzmatdaşlygyň täze görnüşiniň binýady goýlup, ol hyzmatdaşlygyň «Aşgabat görnüşi» diýlip atlandyryldy. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň nygtaýşy ýaly, bu formatyň ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän sebitleýin parlamentara gurama hökmünde özüniň ähmiýetini gorap saklaýar. Munuň şeýledigini gürrüňi edilýän forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigi-de aýdyň görkezdi. Şu ýerde şol forumyň çäginde kabul edilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasynyň ähmiýetini-de nygtamak gerek. Şol resminamada — Aşgabat Jarnamasynda zenan parlamentarileriň, şol sanda telekeçi, işewür zenanlaryň syýasy çözgütleri işläp taýýarlamaga we kabul etmäge işjeň çekilmegi göz öňünde tutulýar. Şunda zenanlaryň döwletleriň durmuş-ykdysady, medeni ulgamlaryna gatnaşmagyna goldaw berilmegi, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriniň has çalt we üstünlikli çözülmegi üçin meýdança emele gelýär.
Umuman, milli parlamentleriň dürli görnüşdäki, ýagny zenan parlamentarileriň, ýaş parlamentarileriň formatlarynda hereket edýän meýdançalarda halkara hyzmatdaşlygy ynsanperwerleşdirmek işinde taraplaryň bilelikdäki tagallalary jemlenýär. Şeýlelikde, durmuş-ykdysady mümkinçiliklerden peýdalanmaga, gatnaşyklaryň hoşniýetli bolmagyny gazanmaga, geljekki nesiller barada alada etmäge gönükdirilen täze gözýetimler hem-de şertler emele gelýär.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Parlament forumy DÇBÖBD-niň täze Hereketler maksatnamasyny durmuşa geçirmekde parlamentleriň ornuny berkider. Şeýle bolansoň, forumda DÇBÖBD-niň 2024 — 2034-nji ýyllary öz içine alýan onýyllyk üçin Hereketler maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryna we parlamentarileriň onuň netijeli ýerine ýetirilmegini goldamakdaky, has takygy, kanun çykaryjylyk, wekilçilik we gözegçilik wezipeleri arkaly, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde eýeleýän ornuna üns çekildi.
Parlamentiň gözegçilik we hasabatlylyk tapgyrlary gürrüňi edilýän maksatnamanyň möhüm tapgyrlary bolup durýar. Şunda gözegçilik wezipesi syýasatlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär, ösüşe baha berýär we maksatlara ýetmek üçin hökümetiň hasabatlylygyny öz üstüne alýar. Şeýle hem parlamentler hökümet, hususy pudak we raýat jemgyýeti bilen gyzyklanýan taraplaryň arasynda dialoglary we hyzmatdaşlygy ýola goýup bilýär.
Awazada geçirilen Parlament forumynyň esasy maksady DÇBÖBD-niň parlamentleriniň Hereketleriň Awaza maksatnamasynda ileri tutulýan ugurlary öz işlerine esasy wezipeleriň hatarynda (kanun çykaryjylyk, gözegçilik, býujet, wekilçilik) ornaşdyrmaklaryny, bu ugurdaky başlangyçlary goldamaklaryny hem-de onuň has giňişleýin durmuşa geçirilmegi üçin ýerine ýetiriljek anyk hereketler boýunça teklipleri kesgitlemeklerini gazanmakdan ybarat boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde parlamentara hyzmatdaşlygyň täze gurallarynyň işlenip taýýarlanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki köpugurly halkara hyzmatdaşlygyň ösüş ýoly umumadamzat bähbitlerinden ugur alyp, iş ýüzünde amal ediljek çäreleriň netijeli ugurlaryny kesgitleýär we köptaraplaýyn tagallalary dabaralandyrýar.
Merjen BORJAKOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.