Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
28.08.2025

Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynda täze sahypa

 

     Türkmen halky gadymdan bäri dost-doganlyga, hoşniýetli goňşuçylyga uly ähmiýet berip gelýär. Häzirki döwürde bu ýörelgeler döwlet derejesinde dowam etdirilip, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugry hökmünde goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde ägirt uly işler alnyp barylýar. Şol ýurtlaryň hatarynda Azerbaýjan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy aýratyn orun eýeleýärler. Türkmen, azerbaýjan we özbek halklarynyň arasynda gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän dost-doganlyk gatnaşyklary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Bu milletleriň taryhy, dini we medeni kökleri bir gözbaşdan gaýdýar. Şol taryhy umumylyk hem häzirki döwrüň döwletara gatnaşyklary üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. 

     Mälim bolşy ýaly, 22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Bu taryhy duşuşygyň çäginde gazanylan ylalaşyklaryň, gol çekilen resminamalaryň ähmiýeti örän ýokarydyr. Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ykdysady taýdan özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly mümkinçilikleri bardyr. Bu ýurtlaryň her biri ägirt uly energiýa serişdelerine, üstaşyr-ulag mümkinçiliklerine hem-de halkara bazarlara çykmagyň möhüm ýollaryna eýedir. Biziň ýurdumyz bilen Azerbaýjanyň arasynda Hazar deňziniň üsti bilen gaz geçiriji taslamalaryň meýilleşdirilmegi, şeýle hem elektrik energiýasy boýunça hyzmatdaşlyk möhüm ähmiýetli bolup durýar. Özbegistan bilen bolsa «mawy ýangyç» we beýleki energetika serişdeleri boýunça işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şeýle-de üç doganlyk ýurt birleşip, halkara ähmiýetli möhüm ulag geçelgelerini döretmäge gatnaşýarlar. Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmeginiň möhüm bölegi bolup durýan bu ulag geçelgeleri bütin dünýäniň ykdysadyýetiniň ösmegine dahyllydyr. Awazada gazanylan ylalaşyklar goňşy döwletleriň gatnaşyklaryny täze belent derejelere çykarmaga mümkinçilik berer. 

     Dost-doganlygyň berkidilmeginde medeniýet möhüm orun eýeleýär. Türkmen, azerbaýjan we özbek halklarynyň arasynda medeni çäreler, sungat festiwallary, ylmy maslahatlar, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem dillerimiziň ýakynlygy, edebiýatymyzyň umumy çeşmelerden gözbaş almagy dostlugy has-da berkidýär. Mysal üçin Magtymguly Pyragynyň, Fizulynyň, Nowaýynyň döredijiligi üç ýurtda hem giňden öwrenilýär. Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen duşuşygyň dowamynda dünýä nusgalyk Arkadag şäheri bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuly şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklary ýola goýmak barada gazanylan ylalaşyk bu asylly ýörelgäniň dowamat-dowamdygynyň güwäsidir. 

     Gahryman Arkadagymyzyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň bilelikde ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşyk mynasybetli meýilleşdirilen medeni çärelere gatnaşmaklary hem bu hakykaty ýene bir ýola aýan etdi. Şol buýsançly pursatlarda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentine hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň we tutuş türkmen halkynyň adyndan Tawus atly ajaýyp ahalteke bedewiniň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine bolsa köşekli arwana düýäniň sowgat berilmegi türkmen halkynyň myhmansöýerlik ýörelgesiniň has hem dabaralanýandygynyň nobatdaky ykrarnamasy boldy. 

     Goňşy döwletleriň Baştutanlaryna şeýle sowgatlaryň berilmeginiň çuňňur manysy bardyr. Çünki halkymyzda at — myrat, düýe — döwlet hasaplanylýar. Türkmen halky ir döwürlerden bäri atlara we düýelere aýratyn gadyr goýupdyr. «At — myrat» diýen pähim halkymyzyň maksada ymtylmakda çydamly, güýçli we ynamly bolmak ýörelgesiniň aňladylmasydyr. «Düýe — döwletim» diýen pähim bolsa düýäniň halkymyzyň döwletlilik düşünjesiniň bir bölegidigini görkezýär. Türkmenleriň taryhynda kerwen ýollarynyň möhüm orun eýeländigini göz öňünde tutsak, şol döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ulaglarynyň düýeler bolandygyny aýtmak ýerliklidir. Türkmenler dürli harytlary uzak ýurtlara eltmekde düýeleri peýdalanypdyr. Şeýlelikde, düýe diňe bir hojalygyň baýlygy bolman, eýsem, halkara ykdysady gatnaşyklaryň hem möhüm serişdesi bolupdyr. 

     Elbetde, Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň taryhy we häzirki döwrüň tejribesi bir hakykaty görkezýär: bu hyzmatdaşlygyň düýp manysy diňe syýasatda ýa-da ykdysadyýetde däl, eýsem, doganlykda, agzybirlikde we umumy milli gymmatlyklarda jemlenýär. Şonuň üçin bu gatnaşyklary diňe döwletara hyzmatdaşlyk däl-de, üç halkyň ýürekden ýürege barýan dostluk köprüsi diýip häsiýetlendirmek ýerlikli bolar.

 

 Baýrammyrat Ha­jy­mäm­me­dow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.