Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
24.10.2023

DÖWLETLILIK ÝÖRELGELERI WE DEMOKRATIK ÖZGERTMELER

Ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan durnukly ösdürmekde adam hukuklarynyň üpjün edilmegine iňňän möhüm orun degişlidir. Ýurduň, jemgyýetiň ösüşi demokratik ýörelgeler, adam hukuklaryny giňeltmek we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Adam hukuklary we azatlyklary boýunça döwletiň kämilligine, demokratik derejesine, hukuk binýadyna, umumadamzat gymmatlyklaryna ygrarlylygyna baha berilýär. Türkmenistan Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynda berkidilen esasy demokratik hukuklary we azatlyklary ykrar edýär, hormatlaýar. Hut şunuň özi-de döwletimiziň şahsyýetiň erkin ösmegi üçin ähli şertleri döretmek ugrunda tagallalaryny görkezýär. Türkmenistan dünýäde özüni demokratik jemgyýeti ösdürýän döwlet hökmünde tanatdy. Adam, onuň mizemez hukuklary, azatlyklary - jemgyýetiň esasy gymmatlygy. Ýurdumyzyň Konstitusiýasy şu esaslarda yzygiderli kämilleşdirilýär. Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşi milli döwletliligiň, ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, öňde baryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen, jemgyýetiň kadalaşdyryjy hukuk esaslaryny kämilleşdirmegiň ygtybarly binýadydyr.

Döw­le­tiň adam hakyndaky aladasynyň çuňňur many­-mazmuny Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynda jemlenendir. Bu gün ol Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarynda dowamyny tapýar. Bu şygar döwletimiziň ýörelgesi bolup ýaşaýar, demokratik kada-­kanunlaryň düýp mazmunyny özünde jemleýär. 

Ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri ornaşdyrmakda we berkitmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň golaýda geçen nobatdaky mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz şeýle diýdi: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Şu ýyl ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi depginli ösdürmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny – Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik... Milli agzybirligimiz, kanunlaryň hökmürowanlygy, häkimiýet edaralarynyň we dolandyryş ulgamynyň netijeli bolmagy, jemgyýetçilik pikiriniň ileri tutulmagy biziň saýlap alan ýolumyzyň kesgitleýji aýratynlygydyr». 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde taryhy söz sözlemek bilen, hormatly Prezidentimiz şeýle belledi: «Jemgyýetimizde täze hukuk medeniýetini kemala getirmek, döwletlilik ýörelgelerimizi we demokratiýany ösdürmek boýunça Halk Maslahatynyň agzalary hem­-de Mejlisiň deputatlary tarapyndan köp işleriň ýerine ýetirilendigini we geljekde­-de dowam etdiriljekdigini aýratyn bellemek isleýärin». Halk Maslahaty bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň öz çykyşynda aýdyşy ýaly, ata­-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr. 

Görnüşi ýaly, biziň demokratiýamyz, kanunçylyk ýörelgelerimiz köpasyrlyk taryhy kada­-kanunlarymyzdan ugur almak bilen, şu günki dünýäniň demokratiýa, hukuk, erkin­-azat ýaşaýyş baradaky iň gowy ýörelgelerini özüne kabul edip alýar. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň çykyşlarynda bu mesele hemmetaraplaýyn we örän düýpli düşündirilýär. 

Adam hukuklaryny goramak, olar bilen jemgyýeti üpjün etmek ýurdumyzy ösdürmegiň esasydyr, döwlet häkimiýetiniň demokratik binýadydyr. Munuň özi ykdysady we durmuş ösüşine bolan erki, ukyby oýarýar. Beýik tutumlarymyzyň, maksatnamalarymyzyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň esasyny düzýär. Hut şu berk esasa daýanmak bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başyny başlan giň gerimli maksatnamalary, şol sanda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052­-nji ýyllarda durmuş-­ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» yzygiderli durmuşa geçirilýär. 

Diýarymyzyň çar künjeginde amala aşyrylýan ägirt uly gurluşyklar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmenistanlylaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen döredijilikli, durmuş ugurly, adalatly döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir. Ak mermerli Aşgabat ýurdumyzyň kuwwatynyň artýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem­-de Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirýän özgertmeleriniň üstünliklere eýe bolýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerine laýyklykda, ýurdumyzyň ähli künjeginde täze, döwrebap desgalaryň uly toplumlarynyň - ýaşaýyş jaýlarynyň, kottejleriň, umumy bilim berýän orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, söwda-dynç alyş merkezleriniň, iri önümçilik kärhanalarynyň, seýilgähleriň, beýleki desgalaryň yzygiderli gurulýandygy we ulanmaga berilýändigi munuň aýdyň mysalydyr. Olar häzirki taryhy eýýamyň döredijilik ruhunyň aýdyň beýanydyr. Arkadag şäheriniň gurulmagy bolsa aýratyn uly wakadyr. Bu «akylly» şäheriň innowasion taslamasy dünýäniň we milli binagärligiň, bezegiň, tehnologik üpjünçiligiň iň gowy ýörelgelerini özünde jemleýär. 

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlaryna iş saparlaryny yzygiderli amala aşyryp, sebitlerde özgertmeleriň gidişi, ilatyň ýaşaýyş-­durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler bilen tanyşýar. Täze gurluşyklaryň ýokary hilli gurluşyk serişdeleri bilen yzygiderli üpjün edilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, kuwwatly senagaty döretmek, importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek, türkmen topragynyň örän baý ýerli çig mal serişdelerini giňden özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň zerurdygyny nygtaýar. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda öňümizde duran möhüm işleri durmuşa geçirmek üçin berk binýat döredildi. Bu ýyllar halkyň örän uly, egsilmez mümkinçiliklerini giňden açyp görkezdi. Gözbaşyny uzak geçmişden alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, nesilden­-nesle geçip gelýän ynsanperwerlik däplerimiz dikeldildi. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda halkyň milli gymmatlyklary esasynda döwrüň demokratik kadalary özleşdirildi. Şu ýyllaryň içinde Türkmenistan esasan çig mal öndürýän ýurtdugyndan gaýtadan işleýän, täze önümçilikleri, şol sanda kuwwatly senagat pudagyny döredýän ýurda öwrüldi. Şu günki we geljekki ösüşlerimiz üçin ruhy hem maddy binýat kemala geldi. 

Gazanylan üstünlikler Türkmenistanyň dogry ýoly saýlap alandygyna şaýatlyk edýär. Mundan beýläk amala aşyrylmaly işler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 24-­nji sentýabrda bolup geçen nobatdaky mejlisinde aýdyň kesgitlenildi. Bu mejlis «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-­nji ýyllarda durmuş­-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny», beýleki möhüm maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge täze güýç, itergi berdi. 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri asyrlardan gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize we jebisligimize daýanmak arkaly, il­-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir. Täze döwürde ýurdumyzyň parlamentiniň işi hem barha ösdürilýär. Milli kanunçylygymyz halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda durmuş-­ykdysady özgertmeleriň, halkymyzyň ýaşaýyş­-durmuş derejesini has­-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny mundan beýläk hem pugtalandyrmak zerurdyr. Hormatly Prezidentimiz täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegi, kanunlary yzygiderli kämilleşdirip durmagy häzirki döwrüň iň wajyp meseleleriniň hatarynda goýýar. Döwlet Baştutanymyz öz çykyşynda jemgyýetimizde täze hukuk medeniýetini kemala getirmek, döwletlilik ýörelgelerimizi we demokratiýany ösdürmek boýunça Halk Maslahatynyň agzalary hem-de Mejlisiň deputatlary tarapyndan köp işleriň ýerine ýetirilendigini, şeýle işleriň ýene­-de dowam etdiriljekdigini aýratyn belledi.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda gazanylanlar bu ajaýyp ýylyň üstünliklere baýdygyny, ýurdumyzyň beýik maksatlara tarap bedew bady bilen barýandygyny görkezýär. 

Hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşmek bilen, halkymyzyň mundan beýläk-­de uly üstünlikleriň, bagtyň hem rowaçlygyň, erkana ýaşaýşyň eýesi boljakdygyna şek-­şübhe ýokdur. 

 

Hatyja MUSTAKOWA, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty