Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ýeňişli menzilleriniň bady artýar. Türkmenistan Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalary, şol sanda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde tutumly işler durmuşa geçirilýär. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň özenini “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatdan gelip çykýan wajyp wezipeleriň düzýändigi kanunalaýyklykdyr.
Bilşimiz ýaly, jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramakda we berkitmekde ýokarda ady agzalan Döwlet maksatnamasynda möhüm wezipeler kesgitlenilip, olar üstünlikli amala aşyrylýar. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda saglygy goraýyşy halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek we öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna hem-de tejribesine esaslanýan döwrebap binagärlik taýdan tapawutlanýan saglygy goraýyş edaralary guruldy we başga-da birnäçe saglygy goraýyş edaralarynyň döwrebap binalarynyň gurluşygyna badalga berilýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde il-gün bähbitli tutumlarynyň rowaç alýandygyna aýdyň subutnamadyr. Şu ýerde döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen gurluşygyna badalga berlen Aşgabatdaky Halkara pediýatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezlerini, Stomatologiýa merkezini, ýene Aşgabat şäherinde, Ahal we Daşoguz welaýatlarynda gurluşygyna badalga berlen saglygy goraýyş desgalaryny ýatlamak bolar.
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gurluşyk-gurnama işleriniň taslamalary durmuşa geçirilende öňdebaryjy inženerçilik, binagärlik, bezeg işläp taýýarlamalaryny işjeň ulanmakda, taslama we binagärlik işleri boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren ägirt uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden Karary bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa “Türkmenistanyň at gazanan arhitektory” diýen hormatly adyň dakylmagy göwünleri galkyndyrdy. Il-günümiziň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaç alsyn!
Çary GURBANMYRADOW. Mary etrap hassahanasynyň 2-nji çagalar bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.