Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
26.10.2023

ÖSÜŞLI ERTIRIMIZ

 

Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän oýlanyşykly ykdysady syýasaty ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň rowaçlanmagyna itergi berýär. Öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklarynyň ulanmaga berilmegi bilen ýokary görkezijiler gazanylýar. Dünýä tejribesinde uly orna eýe bolan sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda tutumly işleriň bady artýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ösüşinde täze belentliklere çykmagynda möhüm ädimdir. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň ähli ugurlar bilen birlikde, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda ýokary netijeleriň gazanylmagynda ähmiýeti juda uludyr. 

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri ýaş nesle bilim bermekde bähbitli şertlere ýol açýar. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebapladyrylýar. Mekdepleriň kämil kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary, tehniki serişdeler bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagy ýaş nesle bilim-terbiýe bermekde täze mümkinçilikleri döretdi. Informatika dersi boýunça mugallym bolanym üçin şeýle mümkinçilikleriň bähbidine gündelik iş tejribämde doly göz ýetirýärin. Şonuň üçinem men okuwçylara bilim bermekde geçýän sapaklarymda kämil tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýaryn. Her bir dersiň gyzyklylygy, özüne çekijiligi mugallymyň ukyp-başarnygyna bagly bolýar. Men şu ýörelgeden ugur alyp, her bir sapagymyň täsirli bolmagy ugrunda aladalanýaryn. Multimediýa tehnologiýalaryndan, tehniki serişdelerden, okuw-görkezme esbaplaryndan netijeli peýdalanmagym işimiň netijeliligine oňyn täsirini ýetirýär. Ýaş nesliň şu günki ösen tehnologiýalaryň çylşyrymly syrlaryny ykjam ele almaklary ugrunda ähli tagallalary edýärin. Çünki, ylym we tehnika ösüşli geljek ylym-bilimden başarnygy ýetik ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge borçly edýär. Biz şu borç duýgusyndan ugur alýarys. 

 

Akmuhammet BEKMYRADOW. 

Türkmengala etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp, öwredýän ýöriteleşdirilen 33-nji orta mekdebiň informatika mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.