Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
05.12.2025

SAZLAŞYKLY ÖSÜŞIŇ YGTYBARLY ESASY

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Munuň özi döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary işjeň ýola goýmaga, sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga, netijeli hyzmatdaşlygy, abadançylygy, ösüşi üpjün etmäge ýardam berýär.

 

     Türk­men döw­le­ti­niň Bi­ta­rap­lyk hukuk de­re­je­si hal­kymy­zyň asu­da, aba­dan dur­mu­şyn­da örän mö­hüm orna eýe­dir. Bi­ta­rap­lyk Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da türk­men hal­ky­nyň ga­za­nan be­ýik üstünli­gi­dir, sy­ýa­sy-hu­kuk gym­mat­ly­gy­dyr. Ol pa­ra­hat­çy­lyk, gül­läp ösüş, hyzmat­daş­lyk, yna­nyş­mak, hal­ka­ra hu­ku­gyň umumy ykrar edi­len esa­sy ýö­rel­ge­le­ri­ni gol­da­mak we go­ra­mak, deň­hu­kuk­ly gat­na­şyk­la­ry üp­jün et­mek ýa­ly hä­zir­ki döwür üçin iň­ňän mö­hüm bo­lan dü­şün­je­le­ri öz içi­ne al­ýar. Bu asyl­ly ýörelgä­niň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň uzak ýyl­la­ryň dowamynda amal eden iş­le­ri ne­ti­je­sin­de giň ge­rim alan­dy­gy, häzir­ki wagt­da bol­sa onuň Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da my­na­syp do­wam et­di­ril­ýän­di­gi, üstün­lik­li ös­dü­ril­ýändi­gi örän gu­wan­dy­ry­jy­dyr.

     Ta­ry­ha ser salsak, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň is­len­dik ýag­daý­da hem pa­ra­hat­çy­lyk, bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­mak, dü­şü­niş­mek ýo­lu­na eýerendiklerine göz ýe­tir­mek bol­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň «Parahat­çy­lyk sazy, dost­luk, do­gan­lyk sa­zy» at­ly ki­ta­byn­da­ky: «Mil­li bi­te­wü­li­ge we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­ly­ga, beý­le­ki halklar bilen pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li we dost­luk­ly gat­naşyk­la­ra ga­dyr goý­ma­gy türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hynyň özi öw­ret­di» di­ýen parasat­ly söz­le­ri hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si­dir. Türk­me­nis­tan Ga­raş­syz­ly­gy­ny gaza­nan il­kin­ji gün­le­rin­den hal­ka­ra gat­na­şyk­lar ul­gamyn­da pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lanýan döw­let hök­mün­de özü­ni ta­nat­dy. 1995-nji ýy­lyň 12-nji dekabryn­da dün­ýä­niň iň iri hal­ka­ra gu­ra­ma­sy bo­lan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan Wata­ny­my­za he­mi­şe­lik Bitaraplyk hu­kuk de­re­je­si­niň be­ril­me­gi ata-ba­ba­la­ry­myz­dan dowam edip gel­ýän hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri­niň ykrarnama­sy bol­dy. 

     Pa­ra­hat­çy­lyk yna­nyş­mak­dan, asyl­ly mak­sat­lardan, agzybirlik­den, hoş­ni­ýet­li ga­ra­ýyş­lar­dan baş­lanýar. Parahatçylygyň bar ýe­rin­de bagt, gül­läp ösüş hem bar­dyr. Parahat dur­mu­şy wa­gyz et­mek her bir yn­sa­nyň bor­ju­dyr. Ada­my umyt-ar­zuw ýa­şad­ýar, ynam şol ýa­şaý­şa ga­nat ber­ýär. Ynanyşmak bol­sa yn­san­la­ryň, ýurt­la­ryň ara­syn­da­ky gatnaşyklara ganat ber­ýär. Şu ýy­ly­my­zyň şy­ga­ryn­da yn­san durmu­şy üçin iň ze­rur gym­mat­lyk­lar orun al­dy: pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak! Ýur­du­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gynyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­masy­nyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi bi­len ut­gaş­ma­gy ýurdu­myz üçin aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te hem-de sim­wo­li­ki ma­na eýedir. Ge­çen 30 ýy­lyň do­wa­mynda Bi­ta­rap döw­le­ti­miz se­bit­de we dün­ýä­de pa­ra­hatçy­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi pug­ta­lan­dyr­mak­da BMG-niň ynam­dar hyz­mat­da­şy­na öw­rül­di. Hä­zir Türk­me­nistan dün­ýä bi­le­le­şi­gin­de pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji we ylalaş­dy­ry­jy döwlet, dost­lu­gyň, bag­ty­ýar­ly­gyň me­ka­ny hök­mün­de yk­rar edilýär. Mu­nuň özi äh­lu­mu­my pa­rahat dur­mu­şy üp­jün et­mek bilen berk bag­ly­dyr. Wa­tany­my­zda bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan giň ge­rim­li iş­ler nus­ga­lyk­dyr. Pa­ra­hat­çy­lyk ba­ra­da­ky ga­ra­ýyş­lar we na­za­ry­ýet el­my­da­ma öw­re­ni­lip­dir hem-de dur­muş ze­rur­ly­gy hök­mün­de öňe sür­lüp­dir. Ak şä­he­ri­miz Aşga­ba­dyň se­bit­de ylalaş­dy­ry­jy mer­ke­ze öw­rül­me­gi türk­men Bi­ta­rap­ly­gy üçin uly ab­raý­dyr. Şeý­le asyl­ly ýö­rel­ge­le­re eýer­ýän Türk­me­nis­tan halkara gi­ňiş­likde öz or­nu­ny yzy­gi­der­li pug­ta­lan­dyr­ýar. Döwleti­mi­ziň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan üç ge­zek yk­rar edi­len he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy munuň aý­dyň güwäsidir. Ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len BMG-niň ýa­nyn­da döre­di­len Bi­ta­rap­ly­gyň dost­la­ry to­pa­ry­na ag­za döw­let­le­riň yzygi­der­li art­ma­gy umuma­dam­zat äh­mi­ýet­li işleriň ählitaraplaýyn gol­danylýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. 

     He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gyň äh­mi­ýe­ti gün­de­lik dur­muşy­myz­da öz oňyn be­ýa­ny­ny tap­ýar. Şu ýyl Awa­za­da BMG-niň Deň­ze çykalga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji masla­ha­ty­nyň üs­tün­likli ge­çi­ril­me­gi hem ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýasy­nyň 80-nji ses­si­ýa­sy­nyň mej­li­sin­de be­ýan eden Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tut­ýan ga­ra­ýyş­la­ry bi­ta­rap­lygy­my­zy mun­dan beý­läk-de umu­ma­dam­zat bäh­bitle­ri­ne gö­nük­dir­mä­ge, ösüş ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­ly­gy we howpsuz­ly­gy üp­jün et­mä­ge, hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň sy­ýa­sy-diplo­ma­tik ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mä­ge hem-de öza­ra hyzmatdaşly­gy ne­ti­je­li ös­dür­mä­ge oňyn tä­sir eder. 

     Bi­ta­rap­lyk bi­ziň ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne bar­ýan röw­şen ýo­lu­myz­da ruh­lan­dy­ry­jy güýç, syýasy gymmat­ly­gy­myz­dyr. Halky­my­zyň yn­san­per­wer­li­gi­niň we pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li ýolu­nyň dün­ýä­de yk­rar edi­len nus­ga­sy­dyr. Ony dün­ýä ýa­ýyp, umu­ma­dam­zat ähmi­ýet­li baş­lan­gyç­la­ra ba­dal­ga ber­ýän we ata Wa­tany­my­zyň gül­läp ös­me­gi, hal­ka­ra ab­ra­ýy­nyň has-da be­len­de gö­te­ril­me­gi üçin ta­ry­hy tu­tum­la­ry dur­mu­şa ge­çir­ýän Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Prezi­den­ti­mi­ziň jan­la­ry­nyň sag, ömür­le­ri­niň uzak, iş­le­riniň hemişe ro­waç bol­ma­gy­ny ar­zuw edýä­ris. 

 

Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.