Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
04.12.2025

Adam hakyndaky aladanyň aýdyň nyşany

 

     Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyzda uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Şeýle ösüşleriň netijesinde bolsa ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara ulaşyp, taryhy wakalara beslenýär. 

     Ýurdumyzda suw hojalygynyň ösdürilmegine, pudaga innowasion tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Suw serişdeleriniň rejeli we tygşytly peýdalanylmagy durmuş hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ykdysady ösüşi gazanmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede uýgunlaşdyrýan döwletleriň biri hökmünde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar we bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barýar. 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp taglymatlaryň dabaralanýan zamanasydyr. Muňa adam hakyndaky aladalara ýugrulan tutumly işleriň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek babatda alyp barýan syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri ilaty arassa agyz suwy bilen doly üpjün etmekden ybaratdyr. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» esasynda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Diýarymyzyň çäklerinde döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýerasty we ýerüsti suw çeşmelerini rejeli peýdalanmak üçin uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

      Ýurdumyzda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek maksady bilen, agyz suw kärhanalary, desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Geçen ýylda Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda bina edilen, kuwwaty bir gije-gündizde 150 müň kub metr bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň, ýakynda Esenguly etrabynda kuwwaty bir gije-gündizde 20 müň kub metr bolan suw arassalaýjy desganyň açylyp ulanmaga berilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda yzygiderli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasy boldy. Olaryň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy agyz suwunyň ýokary hil derejesini üpjün edýär. 

     Berkarar Watanymyzy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Muhammetberdi Gel­di­mäm­me­dow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.