Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan. Bu jümle dünýädäki at-abraýy, şan-şöhraty barha belende göterilýän şu ajaýyp ýurduň raýaty hökmünde her birimiziň kalbymyzy buýsanja, guwanja, iň ýakymly duýgulara besleýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şol ýakymly hem-de buýsançly duýgular joşgunymyzy artdyrýar. Çünki Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň şöhratly ýylynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny tutuş dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde giňden toý-baýrama besleýäris
Bitarap ýurt hökmünde Ýer ýüzünde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynanyşmagy, hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmekde Türkmenistanyň şol 30 ýylyň dowamynda, esasan hem, soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçiren işleri halklaryň bähbitlerini, eşretli, abadan durmuşyny nazarlaýar. Dostlukly döwletara gatnaşyklara ygrarlydygy, halkara derejedäki möhüm meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamakda aýratyn işjeňlik görkezýändigi bilen uly meşhurlyga eýe bolan berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly senesini hem umumadamzadyň baýramy hökmünde görkezmek bolar. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ata Watanymyza hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini bermek baradaky Kararnamasyny bu gurama agza döwletleriň ählisi biragyzdan goldady. Baş Assambleýanyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek baradaky Kararnamasy hem dünýä döwletleri tarapyndan hemmetaraplaýyn goldawa eýe boldy. Bu bolsa türkmen Bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetine eýedigini, Halkara Bitaraplyk gününiň, şeýle-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň ähli halklaryň baýramydygynyň güwäsidir.
Taryhy tutumlary durmuşa geçirmek bilen birlikde, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun! Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki at-abraýy, şan-şöhraty has-da belende göterilsin!
Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.