Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Ýakynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hindistan Respublikasynyň kanun çykaryjylyk işinde toplan tejribesini öwrenmek maksady bilen, Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Hindi tehniki we ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy (ITEC) tarapyndan Nýu-Deli şäherinde guralan 37-nji parlamentara tejribelik okuw maksatnamasyna gatnaşdylar.
Dünýäniň 12 ýurdundan 40 wekiliň gatnaşmagynda guralan okuw maksatnamasynyň esasy maksady Hindistanyň parlament işi babatda esasy konsepsiýalaryny açyp görkezmekden, bar bolan tejribeler bilen tanyşdyrmakdan, gatnaşyjylaryň bu ugurdaky başarnyklaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr. Onuň çäginde baýry bilermenlerdir hünärmenler tarapyndan Hindistanyň parlamenti bolan Sansad Bhawanyň düzümi, gurluşy, hereket edýän komitetleriniň we diwanlarynyň işi boýunça umumy okuwlar hem geçildi. Olaryň dowamynda, esasan-da, Hindistan Respublikasynyň ösüşini emele getirýän medeni we ruhy demokratiýa, köpdürlülik arkaly jebislige tarap, tebigaty söýmek we oňa minnetdar bolmak, maşgala gymmatlyklarynda şahsyýetiň özbaşdaklygy ýaly ýörelgeler, şeýle-de «Ýer togalagy — bir maşgala, bitewi geljek» atly şygar dogrusynda durlup geçildi. Hindistanyň döwlet syýasatyndaky bu ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» şygarlary, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda durmuşa geçirilýän milli maksatnama hem-de ýurdumyzyň halkara bileleşikde uly goldawa eýe bolýan daşky gurşawy goramak, parahatçylygy, ynanyşmagy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary bilen kybapdaşdyr.
Okuw saparynyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň nazary bilimlerini tejribede berkitmek maksady bilen, hindi parlamentiniň palatalary bolan Ştatlaryň Maslahatynyň we Halk Geňeşiniň Nýu-Deli şäherinde ýerleşýän edara binalaryna gezelençler guraldy. Ýurduň öňdebaryjy sebitleriniň biri bolan Odişa ştatyna guralan sapar, onuň dowamynda ştatyň Kanun çykaryjy Ýygnagynyň Başlygy bilen geçirilen duşuşyk hem täsirli boldy. Şeýle-de ýurduň baý taryhy we medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak üçin XVII asyrda Beýik Mogollar döwletiniň soltany Jahanşa tarapyndan köşk diwany hökmünde bina edilen, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Gyzyl gala» taryhy ýadygärligine barlyp görüldi.
Okuw maksatnamasynyň barşynda oňa gatnaşyjylar wekilçilik edýän ýurtlary we parlamentleri hakynda çykyş etdiler. Onuň çäginde Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri hem bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň parlamentiniň gurluşy, alyp barýan işiniň esasy ugurlary, şol sanda yzygiderli ilerledilýän parlament diplomatiýasy, şu ýylda şanly 30 ýyllygy baýram edilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň esaslary, baý tejribeleri, giň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.
Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmek hem-de milli aýratynlyklarymyzy göz öňünde tutmak bilen, olary ýurdumyzda ornaşdyrmak kanun çykaryjylyk ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
Pürli RASULOW, Türkmenistanyň Mejlisiniň hünärmeni.