Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Hemişelik Bitaraplyk Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä ýaýran taglymatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň özeninde ynsanperwerligi, päkligi, ruhubelentligi, kiçi göwünliligi, mertligi, dogry sözlüligi, arassa ahlaklylygy durmuş kadasyna öwren pederlerimiziň ýolýörelgesi dur.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyz Ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde ähmiýetli işleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi beýleki ýurtlar bilen işjeň gatnaşyklary sazlaşykly ýola goýmakda giň mümkinçilikleri döredýär. Hemişelik Bitaraplyk — türkmen halkyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goýlan uly hormat. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen döwlet bolmak bilen, parahatçylygyň, durnuklylygyň, özara düşünişmegiň işjeň tarapdary hökmünde halkara giňişlikde möhüm orny eýeleýär. Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda biribiri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Türkmen halky bütin taryhynyň dowamynda parahatçylygyň we agzybirligiň, hoşniýetli goňşuçylygyň tarapdary hökmünde ykrar edilen halkdyr.
Merdana atababalarymyzyň bu ýolýörelgesine we kadalaryna wepaly bolup, şol ýörelgeleri we kadalary Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz üstünlikli amal edýär, durmuşa geçirýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň BMG tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi — Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ählumumy parahatçylygy üpjün etmek boýunça taýsyz tagallalarynyň dünýä ýüzünde giňden goldanylýandygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyz umumadamzat bähbitli başlangyçlar bilen çykyş edip, parahatçylygy we durnukly ösüşi goldamagyň möhüm guraly hökmünde Bitaraplyk ýörelgelerini yzygiderli ösdürýär.
Hormatly Prezidentimiz BMGniň Baş Assambleýasynyň 80nji sessiýasynda taryhy çykyş edip, gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna» atly aýratyn bendi girizmek; «Merkezi Aziýa — parahatçylykda ýaşamagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmek, 2028nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyçlary öňe sürdi.
Ýurdumyzyň bitaraplyk syýasatynyň döwletimiziň milli kanunçylygynda mynasyp, orun alandygyny we şonuň bilen birlikde, onuň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylmagy üçin pugta hukuk esasynyň döredilendigini bellemek ýakymlydyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Konstitusiýamyzda «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar» diýlip, beýan edilýär. «Türkmenistanyň Döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Bitaraplyk» ordeni, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan» we «Bitarap Türkmenistanyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallary döredildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm syýasy, jemgyýetçilik wakalarynyň biri bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi.
Goý, ýurdumyzy parahatçylykly ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, amala aşyrýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Gurbangeldi AŞYROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.